Kerim Gurbannepesow
Wah gelsene bäri bolsana meňki.
Meni birje gezek öpersiň belki.
Belki iki gezek gysganma Maýsam
Kim bilýär megerem bagt berer posaň
Gelsene basymrak gelsene totym
Men seň ýüregiňe belet ahbetin
Jöwüsirän bolma gynama munça
Senem öpüşmegi söýýäňä mençe
Posaň nämedigni bilýärmiň onsoň
Gel men öwredeýin bilmeýän bolsaň
Öwredeýin saňa bäri gel bäri
Ýaşajyk okuwçy döwrümden bäri
Howwa hut çagalyk günlemden beýläk
Gyzlaryň ugrunda boldum köp heläk.
Gyzlar gelýändirler mekdepden çykyp
Menem durandyryn gapydan bakyp
Bir gyz çykar welin öperdim şapba
Ýokdy öpüşmäge meň ýaly ökde
Uzat lebleriňi öpeýin totym
Ejeň hem ketege girdi ahbetin
Ýumurtga gözläp ýör gelýänçä entek
Näçe öpüşsegem wagtymyz ýetjek.
Söygi gosgy
-
yoga
5 years ago
- Sagja bol dos. Şu sözleňňi iki ýyl mundan öň bilen bolsam jedelde utulmazdym.
kese kesuk 5 years ago- БУ гошгы венгер шахыры ШандорПетефининки.Керим ага тержиме этди. Керим аганын говы горйан шахырларынын бириди Ш.Петефи..