Salam hormatly admin, joralar we gelin-gyzlar! Men Altynaý. Hindistanyň süýjiligi bolan "Ladu" süýjiliginin taýýarlanyşyny paýlaşmakçy. Hindi kinolarynda görýän togalajyk şarik ýaljak zatlar nämeka diýip gyzyklanyp öwrendim.
Gerekli zatlar: 2 litr süýt, 1bulgur kajyu hozy (orehiň bir görnüşi), 1bulgur grek hozy, 1-2 bulgur şeker (islegiňe görä).
Taýýarlanyşy : 1. Süýdi giň kastrulda gaýnadyp göýbermeli, oňa şeker goşup garmaly we tä goýalyp başdaky möçberiniň 1/4 bolynça (40 min.- 1 sag.) gaýnatmaly.
2. Oňa çenli hozlary çalarak gowurmaly. Soň sowadyp, 10 sany hozy almaly-da pyçak bilen kesişdirmeli. A galanlaryny bolsa blender bilen ýada stakanyň arkasy bilen ýençmeli. Emele gelen hozly külkämizi süýtli garyndymyza goşup, tä smesimiz goýalyança dyngysyz garyp durmaly (15 minut ýaly). Maýdalanan hozlarymyzam goşup ýene 10 minut gaýnatmaly garyp. Smes gop goýy bulamak bolýa.
3. Eger emele gelen garyndymyzdan togalajyk şarik ýasap bolar derejä gelen bolsa, diýmek smesimiz sowatmak üçin taýýardyr. Ony ýag çalynan saja salyp tekizlan we 4-5 sagatlap sowadyñ. Soňra elin bilen şarik ýasabermeli. Emele gelen şarikleri isleseň künjili ýa-da kokos gyryndylaryna daşyny bulasaňyz bolar.
Bellik: Eger Ladduny ýapyk bankada saklasaňyz köp wagtlap zaýalanman saklanar. Laddunyň bu diňe bir görnuşi, onuň birnäçe ediliş usullary bar.
Alynan çeşme: Laýndaky Dürlitagamlar topary.