Bir wagtlar haýyr amallary gijikdirmän ýerine ýetirmäge çalyşýan bir adam bar ekeni. Ol öz nebsiniň isleýän zatlaryna ýok diýip bilmegi başarýan ekeni. Şol sebäpli-de ol haçanda nebsi buzly gaýmak(manty, pizza we ş.m.) iýmek islände wyždany bilen nebsine:”Iýen ýaly kabul et!” diýip, şoňa berjek pulyny öýlerinde haýyr üçin saklaýan gutujygyna goýar ekeni. Şol gutujyga goýlan pullaryň mukdary belli wagtdan soňra köpelip, oňat haýyr etmäge ýeterlik derejä gelipdir. Olam şol pula bir metjit gurdurypdyr. Bu metjidiň nädip binýat edileni öwrenen ynsanlar bolsa şol metjidiň adyna “Iýen ýaly kabul et!” goýupdyrlar.
Iýen ýaly kabul et!
-
shahyr
17 years ago
- Ata aga şol diyyan metjidiniz istanbulda eminönü rayonunda ine suraty:
Türkçe ady sanki yedim
-
shahyr
17 years ago
- suraty googledan tapdym belki dogry daldir emma şol metjidin bardygyny bilyan.
-
ata
17 years ago
- shahyr jan, oran minnetdar, sen yaly gozleg motorlary bize hemishe gerek-how :))
gorenime begendim, eshidipdim on.
ata 17 years ago- Şu bolan waka öňem ýadyma düşende:”Gel-aý, şu wakany agzalar bilen paýlaşaýyn!” diýip birnäçe gezek ýadymdan çykardym. Indi bir ýatdan çykarmaýyn diýibem goýup durşym!