Näçe günden bäri kä zatlar barada oýlanyp, gaýgy-gama batýardym. Köp zatlary oňatdyr öýdüp, ýerine ýetirmäge synanyşamda, “gaş bejerjek bolup, göz çykardy” diýlen ýagdaýa duçar bolýardym. Şol zatlar meniň yadyma düşdügiçe, olara çäre gözläp, ruhy harasat gopýardy mende. Kämahal çykalga tapman, bedenim duýgymy göterip bilenokdy. Şonda adaty ýagdaýda aglap, gözümden ýaş çykarmalydygyma gözüm ýetse-de “erkek aglamaz, iň azyndan dünýewi zatlar üçin!” diýen pikir bilen aglamazlygy saýlaýardym. Bu gije hem meni şol pikirler öz girdabyna aldy. Ýatsy wezipesini eda etmekligiň rahatlygy bardy mende. Ýogsa soňky günlerde adatdan daşary ýagdaýda kiçi-girim bahana bolsa, irdenki we ýatsy namazlaryny ýerine ýetirmezlik ýagdaýy görnüp başlapdy özümde we mundan kän bir bimaza-da bolmaýardym, kalbym hem titremeýärdi, gözümden ýaş hem gelmeýärdi öňkiler ýaly. Şeýtan bilen tüýs jynym jyňkyryşan bolmaly, diýmek. Nebsim meni jylawlap, eşek edip münýärdi. Indi haçan jylawy wyždanymyň eline berip biljegimi ýa-da bermelidigimi hem pikirlenmän başlapdym. Bu gije başga bir adatdan daşary ýagdaý bolsa, köpden bäri ýerine ýetirmeýän selärligim we yzyndan gije wezipäm – bu ikisini amal etmäge mümkinçilik dogup, ony sypdyrmanlygymdy. Gijeki wezipämiň dowamynda gözümden ýene yaş gelmedi, edil pikir edişim ýaly. Sebäbi hem bellidi, yhlassyzlygym, şeýle wajyp wezipä öz agyrlygy boýunça ähmiýet bermeýşim. Elbetde, kellämde aýlanyp duran hälki pikirler muňa maý berenokdy. Yzyndan adatdakysy ýaly, gury we jansyz dileglerime geçdim. Adatdakysy ýaly bolar öýtdüm, ýagny, täsirsiz we ýatdan çalt okalýan dilegler we tanyş ynsanlarymyň sanawy. Gowy zat – pikir edişim ýaly bolmady. Dilegimiň soňunda Biribardan uzaklaşyşym, mukaddes zatlara perwasyzlygym, parzlaryň terki zerarly gazanýan günälerimiň netijesi hakydama geldi we agladym, ýöne sessiz, gözýaşlar hem ýany bilen. Azyrak ýeňlemegime sebäp boldy, örän begendim. Hawa, bu gije ýene şol dünýewi pikirler gurşap alypdy meni. Hem olar barada pikirlenýän, hem-de bugünlerde özüni oňatja duýuran sowuga garşy tap getirip bilmedik ejiz bedenimiň syrkawlamagy zerarly, aram-aram üsgürip, yzyndanam ardynjyrap özümi dürseýärdim. Bedenimiň syrkaw bolşy ýaly, ruhym hem syrkawdy, kalbym hem. Kämahal:”Näme üçin men, eý, Perwerdigär?!” diýesim gelse-de, munyň külli günädigi, Biribaryň Özüni ýene-de Biribara ýa-da başga birine şikaýat etmek ýaly bolýanyny bilenim üçin, muny etmekden ýüz öwürýärdim. Meni kyn ýagdaýa salan pikirlerdenem birhili gutulyp gidiberäýemokdym. “Näme edip, olardan halas bolup bilerkäm?!” diýip, pikir deňizine gark bolupdym. Asynda, şol pikirlere sebäp bolan ýagdaýlarymyň dünýewiligi, ýöne, belki, baky netijä hem sebäp bolup biljegi hem aklymyň bir ujyndan geçip durdy. Şeýdip oturyşyma bu dünýä we maksady barada öňki bilýänje maglumatlarymy bir laý aklymdan aýlap başladym. Durmuş näme!? Durmuşyň maksady näme?! Biz näm üçin bu dünýäde ýaşaýarys?! Kim bizi bu ýere iberdi?! Bizden näme isleýär?! Şu we şuňa meňzeş soraglara Mübärek Kitap (Gurhan) we Mübärek Bende we Ilçiniň (SAW) beýanlary boyunça ýene bir gezek göz ýetirmäge çalyşdym. Şolaryň beýany boýunça, bu dünýä/durmuş biz ynsanlar üçin sebäpler we synaglar älemi bolmaly hem-de olary amal edişimiziň hil we mukdary netijesinde sylaglar we jezalar älemi bolan baky älemdäki, ýagny, ahyrýetdäki ýerimiziň belli bolmagyna sebäp bolýan planeta bolmaly. Gurhanda Biribar biz ynsanlara bu dünýädäki maksadymyz üçin:” (Zariyat,56)\"Men jynlary we ynsanlary dine mana ybadat etsinler diyip yaratdym!“ diýýär. Garaz, bu pany durmuş, baky durmuşymyzyň ekin meýdany, şol ekin meýdanynda näme eksek, miwelerini hem baky älemde alarys! Durmuş barada öňem eden pikirlerim ýadyma düşdi, ýagny, durmuş üçin şeýle zatlar diiýipdim: ” Durmush - bu sebapler alemi, yagny, bu dunya. Yagny, bu dunya yaradylanda hemme shertler yerbe-yer edilip yaradylypdyr. Icine ynsanlar, haywanlar, osumlikler, denizler, daglar, coller we sh.m. goylupdyr we hemmesine-de bir maksat berlipdir. Sholaryn hemmesinin ozune layiklykdaky maksatlary bn yashamagyna, ta berlen mohletlerine cenli bu yagdayin dowam etmegine durmush diyilyar. Durmushyn, yagny, bu dunyanin bashga bir ady hem \"synaglar alemi\", kop/hemme zatda ynsanlar synag edilyar, sebabi, in guycli erk hokmunde bir yhsan Biribar tarapyndan ynsanlara berlipdir, beyleki mahluklara dal! Shol sebapden hem ynsanlar synagyn in agyryna ducar bolyar, shol synaglary sebapler arkaly onat berip bilse, onda \"serpaylar we jezalar alemi\" bolan ahyretde shona gora garshylanar we yashar. “. Şu zatlary aňymdan aýlap, azyragam bolsa ýeňledim. Öz-özüme durmuşyň manysyny düşündirmäge synanyşdym. Nä dereje başarnykly bolanymy özümem bilemok. Yogsa-da siziň üçin durmuş we onuň manysy nämekä?!

Köneler, ata tarapyndan 17 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir