Iň kyn meseleleriň biri hem beren sözüňde durmakmyka diýýän ynsanlar üçin. Çünki beren sözüňi wagtynda ýerine ýetirmeseň, onda bu pany älemde sanalgyň dolup, baky äleme tarap göçüp gitmegiň ähtimal we bu ýagdaý, belki-de, söz beren şahsyňyz üçin bende hakyna sebäp bolup biler. Hak halallygy etdirilmedik ýadaýda, netijesiniň nähili agyr boljagyny özüňiz göz öňüne getirip görüň! Hem-de kimdir birine söz berip bermäniňizi, beren bolsaňyz ony/olary ýerine ýetirip ýetirmäniňizi ýadyňyza saljak bolup görüň hany! Pikirlenýän-de, şu wagta deňiç men tanyşlaryma, ene-atama, dost-ýarlaryma, ýakyn garyndaşlaryma, hatda, nätanyşlaryma-da söz berip, şony ýerine ýetirmezlik etdimmikäm?! Eger şeýle bolaýsa, onda dat günüme meniň. Şol sebäpli-de iň azyndan şu ýerdäki agzadyr myhmanlardan haýsyňyza söz beren bolsam, onda sizden haýyş edýärin, maňa beren sözümi ýatladyň! Häzire çenli Anna pizza we manty sözüm bar bolmaly. Bir agamyza 2 sany sapak kitaby we bir tanşyma 2 sany saz närsejigi hem bar. Başga-da zat ýadyma düşenok. Beren sözümde durmak isleýärin, ýogsam Gurhanda bir süräniň aýatlary barada Pygamberimiziň buşlugy bar. Gysgajyk şol wakany gürrüň beräýeýin: “Ýene bir gün Pygamberimiz Öz sahabalaryna baky älem, Yslam dini barada hökümler we ş.m. zatlar barada gürrüň berenden soňra olara: - Size bir zady buşlaýyn. Biribar maňa bir süre wahýetdi, şondaky ilkinji on aýatyň wasplary kimde bar bolsa, onda şol möminler hökmany ýagdaýda gutulanlardan, ýagny, jennet ählinden bolar! - Olar haýsy aýatlar, eý, Allahyň Resuly?! - Olar Möminler süresiniň ilkinji on aýatlarydyr!” Hawa, şol on aýatyň sekizinji aýatynda şeýle diýilýär:”Olar özlerine edilen amanata (haky bilen) eýe çykarlar we beren sözlerine-de sadyk bolarlar!” Mende şol on aýatyň wasplaryndan näçesi bar, özümem bilemok, belki-de, ýok diýiljek ýagdaýda azdyr, ýöne iň azyndan şolaryň käbirlerini ujypsyzja bolsa-da ýerine ýetirmek isleýärin! Hemmämiz üçin beren we berjek sözlerimize sadyk bolup, iň oňat ýagdaýda olary ýerine ýetirtmegini Beýik Biribardan dilemek bilen!
Ähde wepalylyk, ýagny, beren sözüňde durmak.
-
ata
16 years ago
- Nezir etmegiň dürs bolmagynyň şertleri
Edilen neziriň dürs bolmagy üçin, nezir eden kişi we nezir edilen zat bilen baglanyşykly käbir şertler bardyr. Neziriň dürs bolmagy üçin nezir eden kişiniň musulman, akyly ýerinde, kämillik ýaşyna ýeten bolmalydyr. Çünki nezir etmek üçin hökman bir ybadat ýerine ýetirilmeli. Munuň üçin bolsa, mükelleflik zerur. Hanefi alymlary gahar edip ýa-da degşip aýdylan nezir hem berjaý edilmeli diýip belläpdir.
Neziriň dürs bolmagy üçin nezir edilen zatdan şu şertler talap edilýär:
1. Nezir edilen zadyň farz ýa-da wajyp ybadat bolmagy hökmandyr. Meselem: namaz okamagy, oraza tutmagy, sadaka bermegi, gurban kesmegi öz içine alýan nezir makuldyr. Hassanyň halyny soramak, horaz öldürmek, süýji-köke paýlamak ýaly, il arasyndaky däp-dessurlar nezir bolmaýar.
2. Nezir edilen zat: farz ýa-da wajyp bir ybadata wesile bolmaly däldir. Meselem: taharet kylmagy, azan we kamat aýtmagy nezir etmek dürs däldir. Çünki bu amallar kişini Allaha ýakynlaşdyrsa-da, olar özbaşyna ybadat däldir.
3. Nezir edilen zat kişiniň şol wagt ýa-da geljekde ýerine ýetirmegi farz ýa-da wajyp ybadaty bolmaly däldir. Meselem, witir namazyny okamak, remezan orazasyny tutmak nezir edilmeýär.
4. Nezir edilen zadyň berjaý edilmegi, dini we maddy taýdan mümkin we meşrug bolmalydyr. Meselem, gijesine oraza tutmagy, aýallaryň aýbaşylyka oraza tutmagy nezir etmegi.
Ebu Hureýräniň gürrüň beren bir hadysynda şeýle aýdylýar:
«Bir aýal Beýtullaha pyýada gitmegi nezir etdi. Bu ýagdaý barada Allahyň Resulyndan soralanda şeýle diýdi: «Allahyň onuň ýöremegine mätäçligi ýokdur. Oňa aýdyň, ulaga münsün», (Tirmizi).
5. Nezir edilen mal başganyň maly bolmaly däldir.
6. Nezir edilen amalda Allaha ysýan, bid'at, günä we magsyýet bolmaly däldir. Meselem, «Şu işim başa barsa, ogurlyk etjek, şerap içjek» diýmek bolmaýar. Pygamberimiz bu barada şeýle buýurýar:
«Allaha ysýana eltýän ýagdaýda nezir ýokdur», (Müslim, Ebu Dawud).
Başga bir hadysynda bolsa:
«Kimde-kim Allaha ytagat etmegi nezir eden bolsa, ytagat etsin. Kimde-kim Allaha asy bolmagy nezir etse, Oňa asy bolmakdan saklansyn» diýýär.
Bellik: Degişli has köp maglumatlary ylmyhal.narod.ru sahypasyndan tapyp bilersiňiz ýa-da gysga wagt soň yslam.info sahypasyndan.
-
agayunus
16 years ago
- ...ahdine wepa, sozunde ygrar(agraslyk, hakykat, ciddiyet)...
-
ata
15 years ago
- Heh hoshowaz-yň açan Hudaýýoly(Nezir) mowzugy hem-de Oýlanma-nyň açan Sadakat(sadyklyk) hakda atly mowzugy boýunça bärde-de maglumatlar bolansoň, ýene 1 hadys bn aktiw edip goýberýärin bärini:
Alty hasiyetleri we gözel ahlagy yerine yetirmage dowam etseniz, sizin Jennete girmeginize kepil bolaryn:
1- Geplän wagtyňyz sadyk boluň we dogry aýdyň;
2- Wada beren bolsaňyz, wadaňyzy ýerine ýetiriň;
3- Size amanat berilse, amanada eýe çykyň;
4- Namysyňyzy goraň;
5- Gözleriňizi harama garşy ýumuň;
6- Elleriňizi haramdan çekiň!
Hz.Muhammed (SAW)
ata 16 years ago- degişliräk görenim üçin, şu ýere kä ýazgylary goýnakçy:
Nezir we ýemin
Nezir
Nezir – bir kişiniň ybadat görnüşindäki bir zady (dini taýdan jogapkär bolmasa-da) özüne wajyp kylmagy diýmekdir. Başgaça aýtsak, kişiniň farz ýa-da wajyp ybadaty amal etjekdigine Allah Tagala söz berip, boýnuna borç almagydyr.
Nezir etmek – ynsanyň arzuw eden zadyna ýetmek ýa-da duýdansyz gelen beladan goranmak üçin Allahyň ýardamyna tama bilen edýän dini amalydyr. Muňa ähli dinlerde we medeniýetlerde duş gelinýär.
Ýemin (söz bermek)
Ýemin sözüniň kuwwat, kasam, ant we ş.m. manylary bardyr. Dini taýdan bir işi edip ýa-da etmezlik meselesinde ynandyryjylyk güýjüni artdyrmak üçin Allahyň adyny ýa-da sypatlaryny ara goşup berlen sözdür. Meselem, «Wallahy, şeýle işi gaýdyp etmerin». Şeýle ýeminlere fykyhda kasam diýilýär. Ýemin: «wallahy», «billahy», «tallahy», «Allah şaýat» ýaly sözler bilen edilýär.
Allahyň ady we sypatlary zikir edilmän aýdylan söz ýemin saýylmaýar. Pygamberleriň, Käbäniň, melekleriň adyny tutup ýemin etmek hem dürs däldir. Il arasyndaky «duz kessin, çörek kessin» diýen ýaly antlar hem bolmaýar. Hatda şeýle kasam eden kişi günäkär bolýar.