Türkmen halkynyň şöhratly taryhyndan bize dürli edebi çeşmeler miras galypdyr. Olar bize geçmişdäki ykdysady gatnaşyklary hem alyp
görkezmäge uly mümkinçilik döredýär. Türkmen halkynyň edebi we ruhy gymmatlyklarynda «Oguznama», «Gorkut ata» şadessanlardan
Soltan Jelaleddin Meňburnyň ömür beýany ýaly
oguz türkmenleriniň sene ýazgylaryndan olaryň
her günki durmuşyny, öý-hojalyklaryny we umumy durmuş-ykdysady gatnaşyklaryny öwrenmek
mümkin. Bu gadymy eserler çuňňur öwrenilende, ençeme ykdysady adalgalara we düşünjelere
duş gelmek bolýar. Magtymgulynyň, Zeliliniň,
Magrupynyň, Mollanepesiň, Mätäjiniň, Seýdiniň
döredijiliginde hem ykdysady garaýyşlaryny görmek bolýar. Şonuň üçin hem bu nusgawy şahyrlaryň döredijiliginde ykdysady sözlere, adalgalara duş gelmek bolýar.
Türkmen halkynyň edebi we ruhy mirasynda «Oguznama» kitabynyň ähmiýeti çäksiz, ol
öz manysynda we taryhy mazmunynda oguz
türkmenleriniň ruhy kitaby bolup, halkyň gadymy taryhyny giňden suratlandyrýar. Şu nukdaýnazarda, eserdäki oguz iliniň beýik ahlak
dünýäsi, baý ruhy medeniýeti, Watana, öz iline
bolan söýgüsi belli bolýar. Oguznama milletiň
taryhyny we durmuşyny görkezýän, köp dürli
maglumat berýän, gadymy oguzlaryň hojalygyny, durmuş-jemgyýetçilik we ykdysady meselelerini görkezýän eserdir.
Ruhy, ahlak taryhy-jemgyýetçilik oý-pikirleriniň üsti bilen bize gelip ýeten halk durmuşunyñ sene ýazgysyndan oguzlaryň öýhojalyk durmuşyny, ykdysady şertlerini göz
öňüne getirmek mümkin. Bu gadymy eserde
oguzlaryň diňe bir medeni, ruhy durmuşyny
däl-de, eýsem olaryň ykdysady-durmuş gatna
şyklaryny hem öwrenip bolar.
«Oguznama» — oguz-türkmenleriň iň gadymy edebi çeşmesi. Şu babatda, bu gadymy
kitapda şeýle sözlere duş gelýäris: «Ýaz wagty Oguz Hyrata baryp, onda ýaýlak kylyp, mal
mukarrar kyldy ki üç ýyllyk mal hazynaga
ibergeýler». Şu mysalda «mal», «hazyna» sözleri oguzlaryň ykdysady-durmuş gatnaşyklaryny häsiýetlendirýän adalgalardyr. Olar ençeme
gezek eserde gaýtalanýar. Mysal üçin, eseriň
«Uladmur Yawguhan uruglarynyň padyşalygy
tamam bolup, Bugruhan padyşalygynyň agazy
(başy) Garahan ogly» diýlip atlandyrylýan bö
lüminde-de, biz şeýle sözlere duş gelýäris: «Ol
(Togrul) baryp raýatdan mal we hazyna aldy».
«Mal» we «hazyna» sözleriniň eserde ulanylýan
manysy Oguz döwletiniň öz wagty üçin ösen
ykdysady-durmuş gatnaşyklaryny suratlandyr
ýar. Bu pikiri eseriň başga bir bölümindäki şu
sözler tassyklaýar: «Her ýyl hazynama mal ibergeý sen». Diýmek, «mal» we «hazyna» Oguz
döwletiniň ykdysady durmuşynyň esasy düzü
mi bolupdyr diýip aýtmak mümkin. Emma, eseri çuňňur öwreneniňde mal, hazyna yzygiderli
salgyt hökmünde ýygnalýandygy görünýär.
«Gorkut ata» şadessany oguz-türkmenleriň
sene ýazgysydyr. Bu edebi miras bize V — VI asyrlaryň ykdysady gatnaşyklaryny häsiýetlendirýän dürli maglumatlary berýändigi bilen hem
ähmiýetlidir.
Bu şadessanda gabat gelýän «pul» sözi
ykdysady düşünjeleriň biridir. Eseriň «Döwhe
Goja ogly Däli Domrul boýundan» mysal alnan
«Gury çaýyň üstünden köpri ýasap, kim şondan
geçse, otuz pul alyp, geçmedikden bolsa uraura kyrk pul alardy» diýen ykdysady düşünjä
gabat gelýäris. Gürrüň bu ýerde köprüden geç
mek üçin salgyt, onda-da pul görnüşindäki salgyt barada gidýär. Bu sözler oguzlarda pul dü
şünjesiniň bolandygy, salgydyň pul görnüşinde
alynmagy bolsa ösen pul düzgüniniň bolandygy hakynda çak etmäge mümkinçilik döredýär.
Biziň döwrümize çenli gelip ýeten şadessanyň
käbir nusgasynda salgyt eýýäm teňňede ölçenilýär. «Köprüden keçedirenden on baş teňňe,
keçmidirenden otuz teňňe aladyr». Şadessanda
şu babatda gabat gelýän «altyn pul gerek bolsa
oňa harçlyk bolsun» ýaly sözler puluň V — VI
asyrlarda oguzlaryň durmuşynda berk ornaşandygyny subut edýär. Şeýle-de «puluň» töleg
serişdesi bolup ýaýrandygyny hem her günki
durmuşda ulanylýandygyny görkezýär: «Beset Gümmeziň içine girdi bardy kim altyn pullar ýyglypdyr...» diýen sözlem puluň gyzyldan
we kümüşden bolandygyna şaýatlyk edýär we
onuň bilen birlikde, oguzlaryň ykdysady mümkinçiliginiň görkezijisi bolup, olaryň ösen döwletde ýaşandygyny aňladýar.
Nusaýly ildeşimiz Muhammet en-Nesewi
soltan Jelaleddin Meňburnyň mürzesi bolup işläp we ömür beýanyny ýazyp, türkmenleriň XII
asyrda gaýduwsyz söweşleri hakynda diýseň giň
taryhy maglumat berýär. Şeýle hem eseriň üsti
bilen, şol döwürde ýaşan türkmenleriň ykdysady-durmuş gatnaşyklaryny yzarlamak bolar.
Ýagny, eserde biz indiki setirlere duş gelýäris:
«Ol ýurduň dumly-duşyna amilleri we salgyt
ýygnaýanlary ýollap, alty ýüz onbäşinji ýyl
üçin (1218 — 1219 ýyllar) iki ýola ýer salgydyny ýygnatdyrdy». Amiller – salgyt ýygnaýjylar
(amil, köplük sanda – amillan, ummal) salgyt
diwanynda (diwan al-amal) işleýän iň kiçi maliýe işgäri. Amil salgyt boýunça ýeriň (amal),
ýagny, şäher hem onuň töwerek-daşynyň, ilatly
obalaryň ýa-da etrabyň (hitta) ýolbaşçysy bol
ýar. Diýmek, şol wagtyň ykjam gurulan salgyt
ulgamy bardy diýsek ýalňyş bolmasa gerek.
Şeýle hem: «...şol sebäpli ýygnalan harajadyň
ýeke teňňesem gala harç edilmedi» diýen sözler iň kiçi pul birligi teňňe bolandygyny subut
edýär. Maliýe-derňew edarasynyň emeldary
(müşrif) hakynda we pul birligi hökmünde dinar
ulanylandygy hakynda biz eseriň «Köneürgenji
terk edensoň, türkan hatynyň düşen ýagdaýy hakynda hekaýa» diýip atlandyrylan bölüminden
yzarlap bilýäris. «Pul derňewçisi – müşrifidi»,
«maýa serişdelerini ýöretmek», «salgyt-hyrajy
ýola goýmak», «şäheriň maliýe işi» ýaly jümleler eseriň «Jelaleddin Gazna gelmezden burun
bolan wakalar barada hekaýat» diýip atlandyrylan bölüminde giň ulanylýar. Ybraratlar (al-ybrarat – pensiýa) barada eserde «Şeref el-mülküň
ömri barada kelam agyz, gylyk-häsiýeti barada
hekaýat» diýip atlandyrylan bölüminde aýdyl
ýar. Ýagny, Muhammet en-Nesewi bu ýerde
şeýle ýazýar: «horezmşalarda bir edähet bardy,
olar özünden ozalky şalaryň, hanlaryň bellän
ybraratlaryny, hamana özleri bellän ýaly tölärdiler...». «Salgyt» sözüne derek «paç» sözi hem
ulanylyp, eseriň birnäçe bölümlerine girizilipdir.
Şeýle gadymy eserleri öwrenilende şol döwrüň hojalyk, ykdysady oý-pikirleriniň näderejede bolandygyna göz ýetirmek mümkin. Şol
eýýamyň döredijiliginde durmuşy, yşky-liriki,
gahrymançylyk, watançylyk eserleriň üsti bilen öz döwrüne mahsus ykdysady oý-pikirlerini hem bilmek mümkinçiligi döreýär.
Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde maglumat tehnologiýalaryň ösmegi bilen ykdysady
adalgalar biziň her günki durmuşymyza giň
den ornaşdy. Nagt däl hasaplaşyklar, elektron
pul geçirmeleri, plastik elektron kartlar biziň şu
günki döwrebap durmuşymyzyň aýrylmaz bö
legi boldy.
Hojanepes BELLIÝEW,
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk
institutynyň uly mugallymy, ykdysady
ylymlaryň kandidaty(Turkmen dili 06.03.2019)
Tell4sell.com 5 years ago- Tell4sell.com Купи/продай телефон в Туркменистане ------------------------- tell4sell.com ------------------------- #ashgabat