Iki sanysy toý tutýar, maşgala gurýar. Soňam aýrylşýanlaryda köp bolýa. Şol maşgala bozulmalara kim günäkär? Bozulýan maşgalaryň 70-80%-i erkekler sebäpli dagaýar. Aýallaryňam günäli ýeri ýok diýemok, ýöne hut aýrylşmaly diýen derejä çenli baryp ýeten bolsa diýmek erkekjan günäkärdir.
Köplenç maşgala bozulanda oňşuksyzlyklar sebäpli bozulýar. Ilkä öýlenmäni bilipsiň oňuşmajak bolsaň nämä öýüňe getirýäň ony? Maşgala agzalary bilen geliniň arasyndaky gatnaşyk elbetde oglana bagly. Şol ýola goýýa hemme zadam. Bor doganlary ýa ejesi gelnine erbet daraýan ekeni diýeli, gelniň şol zatlara göz ýumar ýaly, şonuň ýaly seň üçin käbir zatlara çydar ýaly derjede mähir ber! Seniň mähriňden ýaňa beýleki aýdylýan erbet gürrüňleri gulagy eştmesin. Ýatlat barlygyňy! Başyň täji, maşgalaň nur paýlaýan çyragy bolamly dälmi geliniň?
Bor, aýrylşdyňam diýeli! Ýene utuljak özümizä! Gahar eder, aýrylşar, begener, öz kararyndan razy bolar, mes bolar, ýöne gyzykly ýeri beýle pozitiw duýgular 1 ýylada ýetmeýä. Eýýäm onsoň ökünip başlaýa, her hili hyýala münýä: "Onuň gyzyny alaýsammy, munyň aýrylşyp oturan başy boş gyzy bar şonuň ugruna çykaýyn" diýip görýä. Garaz itiň gününe düşýä. Özüniň bir düşekde ýatanja gelnini köçä zyňyp göýbereni ""çýorni-beloe kaçestwodo"" göz öňünde janlanýa.
Garaz, bir oýlanyp görmeli, eger aýrylşmak dogry karar bolýan bolsa onda näme üçin aýrylşmadan soň obaň işan mollalaryny jemläp töwellaçylyga gidýälerkän? Şolaram başda dogry diýip pikir edendirä aýrylşmagy! Soň bilinýändir gadry! Eger gelniň gadryny bilmek isleseň sorap gör aýaly ölenden, sorap gör aýaly agyr keselliden!
Elimizdäkileriň gadryny wagtynda bileliň (bolmasa işan agany myhmançylyga äkitmeli bolýaň)! Erkek diýen adymyza mynasyp bolalyň! Köçä zyňmalyň bagtymyzy!

Awtor:@Garadaşly

Sorag-jogap, SiziňÝalyBiri tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir