Daň saz berdi. Turdym. Ir bilen men ýola çykaýyn diýip nirdesiň Ruhyň salgy beren Aýsoltany diýip ýola rowana boldym
Salgy berlen ýerden ol gyzy tapdym
Men oňa bar zady ynansa ynanmasa aýdym. Ol ynanmady we ol zynjyryny hiç beresi gelmedi. Öýe dolanaýyn diýip yzyma ýöredim ,aýagym aşagyndaky kiçijek çukurjyga budredim.Bu sygnaldy. Ruh şu towerekde we
- sen gitme, bar aýt, okap ýorkaň toýa dakynjak diýip aldyň we sen ony wagty bilen yzyna dolamadyň menem ýurda gaýdym, sen menden soň gelip hem ýene meni idap gowşurmadyň alan zadyň wagtyndajyk bermeli diý
- bolýa men onyň öwreden zadyn aýtdym, ol gyz durdy we birden boýnundaky zynjyry hasyr- husur çykaryp berdi
Elime zynjyry alyp bazara bardym, öň söwda edip görmamsoň meniň üçin garaňkydy soň namede bolsada çekinip çekinip ony satdym pulyn alyp nirde sen ol algyly adam diýip ýola çykdym
Salgy berlen oba bardym.
Bu obada uzyn bir köçe bar eken, ol köçäniň ugrynda hatar ekilen arçalar köçäniň gorkune gözellik berip durdy.Guşlaryň jürküldi çar ýana ýaýrap gitýardi
Gün ýaşyp barýandanmy näme daşdan sygyrlaryň mollaşýan sesleri ýaňladyp durdy .Sygyr sagyma wagt ýakynlaşdy öýtýan
Köçäniň gözelligine syn edip barmaly öýime nadip baranym duýman galdym . Salam berip öýe girdim. Öýde bir orta ýaşdan geçen daýza bar eken birem iki ýana ylgap üýrüp ýoren it bar. Itden gorkýanlygym sebapli ol iti gorup daşdan gelneje diýip gygyryp durdym
Meniň sesimi ol gelneje dälde ýaňky it eştdi öýtýan.Ol aňyrdan ylgap gaýtdy.Waý Ruh ýetiş diýaýipdirin
- gorkma biziňki öýümizdäki it bet däl, zwonok diý saňa garşy ýarty bilin çaýkap ýallaklap başlar diýdi
Men ol it ýakynlaberende
- zwonok, zwonok diýdim, hakykatdanda ol Ruhyň aýdyşy ýaly ,ol it ýarty bilin çaýkap ýanyma geldi
Ol barmana ol daýza daş çykdy. Ol meniň bilen salamlaşyp öýe saldy
Maňa orta saçak atyp çaý çörek getirdi. Men zat gerekdal getirmaň men gysagly tiz turjak diýenime hem seretmedi
Bir käse çaý içman ugratman diýip ol gelneje özelenip durdy
ýurek daşdan dala ol sözlere menem birhili maýyl bolypdyryn
Soň gelnejä bar zady aýtdym, onyň aradan çykandygny, onyň bergisi barlygyn, we ýörüte menden ugradanlygyn aýtdym
Gelneje dymyp durdy we
- waheý bolmandyr,ýaş jany bar, okuwyna hem galan bolsa bir ýyly galandyr, dynyp barýardy özä
- hawa soňky ýylydy diýdi
- wah waheý
Men gelnejä Ruhyň aýdyşy ýaly onyň bergisini berdim.Goý indi bir onyň ruhy şat bolsyn
diýip dileg etdim
Şondan soň ol ruh meniň gözime görünmedi....

Öýe gaýdym.
Gowy gun ýaşypdy. Ýeke özim zeýkanalyň ýandan gonilap öýe baraýyn diýip öýe ýakyn ýoldan gaty ýöräp gelýärdim
Birden gulagyma aglaýan çagaň sesi eşdildi. Diňşirgenip durdym, ses ýok, ýöräp başladym. Çaga iňňildäp aglaýan sesi has ýakyndan eşdilip başlady.
Adamyň bilesigelijiligi guýçli bolýar ekeni. Gijäň içiňde gorkmanam bilmandirin, goni agy sesi eştdilýan ýere ýoredim .
Zeýkanalyň gamyşlygynyň içinden ol ses has dury eştdildi
Ol barmana obaň sygyr çopany
- gyzym gijäň içinde zeýkanalyň içinde name edýaň, içýan, çirkeý bir ýeriňe zeper ýetiraýmesin
Ziňkillap gitdim
- Weli aga salam, gulagyma bir çagaň sesi eşdildi, biri çagany zeýkala taşlaýdymyka diýip şony gözledim.....
Men bilman başga waka geçip gidipdirin, bu wakaň dowamy indiki sanda.Bu wakaň ady "Böleklenen çagaň ruhy" dowamyn okajaklara, biz öz sahypamyzda garaşýas.....

~~~~~Soňy~~~~~

Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir