Ýaramaz wakalary giňgöwünlilik we erk-erada güýji bilen garşylaýan adamlar beýik häsiýetleriň biri bolan sabyr donuna bürenenlerdir. Şeýle ýagdaýda sabyr etmesek, başga näme edip bileris? Heý-de, sende sabyrdan gowy çözgüt tapylarmy? Heý-de, sabyrdan başga azyk-owkat barmy? Beýik ärleriň biri agyr günleri başdan geçirýärdi. Betbagtçylyk onuň depesinde tans oýnaýardy, bökjekleýärdi. Onuň ýüregi kynçylyklaryň at çapyşýan meýdanydy. Her gezek bir beladan gutuldym diýende, beýleki bir şumluk başyndan inýärdi. Emma ol sabyr sowudyna bürenip, Alla bil baglamak galkany bilen goranýardy. Asylly adamlar elmydama şeýle hereket edýär. Hötdesinden gelip bilmejek kynçylygyna uçrasalar, başardyklaryndan özlerini giň göwünli alyp barýarlar. Ýaramaz hal-ýagdaýlaryň ýüze çabraýan howruny sabyr bilen sowadýarlar. Oňaýsyzlyklara garşy göreşýärler. Şeýdibem kösençlikleri allowarra taşlaýarlar. Hassa ýatan Abubekriň halyny soramaga barypdyrlar. “Seniň üçin lukman çagyralymy?” diýip soranlarynda, “Lukmanym meni görüp otyr” diýipdir. “Ol saňa nämeler aýtdy?” diýenlerinde, “men diňe halaýan işlerimi edýärin, sen bolsa olara diňe sabyr et” diýýär” diýipdir. Hawa, sabyrly bol, ýöne ýazgytdan nägile bolup sabyr etme. Şadyýanlyklara ynanýan adamyň, ykbaly, geljegi gowy alymyň, sogaba höwesek talybyň, ýamanlyklaryny ýuwasy gelýän ýazyklynyň sabry bilen sabyr et. Kynçylyklar degre-daşyňy gallap alsa-da, ýöräp barýan ýodalaryňy tümlük gaplasa-da diňe sabyr et. Üstünlige sabyr bilen ýetilýändir. Her bir kynçylygyň ýanynda ýeňillik bardyr. Dünýäden öten birnäçe tanymal şahsyýetleriň ömür beýanlaryny okanymyzda, olaryň örän sabyrlydyklaryna, çydamlydyklaryna akylymyz haýran. Üznüksiz kösençlikler, basdaşlar zerarly ýüze çykýan bökdençlikler olaryň depesinden sowuk damjalar deýin guýlup durupdyr. Emma olar tutan ýollaryndan dänmändirler, başlan işlerini taşlamandyrlar. Hakyň mäkämligi ýaly, mizemän, daglaryň berkligi ýaly, sarsman durupdyrlar. Sähel salymdan soň olaryň ýüzüne agaryp gelýän buşluk daňynyň ýagtysy, ýeňiş şatlygy we üstünlik hoş habary çaýylypdyr. Sebäbi olar sabyr etdiler. Ýogsa-da, sen sabyr etmegiň asyl manysyna akyl ýetirensiň-ä? Ýa-da zeýrenmän, ýöne hiç zat etmän boş oturmak sabyrdyr öýdýäňmi? Ýok, ol asla beýle däl. Sabyr etmek – bu zeýrenmezden, ýazgytdan nägilelige berilmezden hadysalara garşy göreşmekdir. Başarýan zadyňy ýerine ýetirmekdir. Sabry zähmet bilen utgaşdyrmakdyr. Kynçylyklaryň gözüne biparh garamakdyr. Sabyrly bol, el uran gumuň gyzyla öwrüler. Gazanan sogabyň bolsa altyndanam haýyrly bolar.

Edebiýat, #Allamyradow tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir