Günlerde bir gün ymam Ahmet Hanbeli hezretleri möhüm bir iş bilen uzak ýola sapara gidipdir. Gün ikindin bolanda, ol bir obanyň deňine ýetipdir. «Men bu agşam obada dem-dynjymy alaýyn, namazymy okaýyn» diýip, metjidiň gapysyndan barypdyr. Ol özüniň ýagdaýyny aýdypdyr. Derwezeban ony metjide goýbermändir.
Hanbeli hezretleri yzyna öwrülse, bir kişi dur diýýär. Ol: "Aga, bu ýerlerde näme derwaýysyň bar, aýdyp otur» diýende, ötegçi myhman oña ýagdaýyny düşündiripdir. Ol kişi: «Onuň ýaly bolsa, ýör, yzyma düş. Ynha, golaýjakda meniň öýüm bar» diýip, ony öýüne alyp barypdyr. Myhmanyň öñüne çaý-çörek süýşürip: «Sen arkaýyn dem-dynjyňy al. Meniñ birneme etmeli işim bar, çagajyklarymyň ertirki iýjek nanyny taýýarlamaly» diýip, içki otaga girip gidipdir. Öý eýesi goňşy otagda hamyr ýugurmaga başlapdyr. Eli işläp otyr, dili bilenem ýetişibildiginden Alla zikir aýdýan eken. Ymam Hanbelä öý eýesiniň edýän ähli hereketleri görnüp duran eken. Ol ýagşy dem-dynjyny alyp, namaz parzyny sowandan soň, onuň ýanyna giripdir.
-Eý, musulman dogan, tüweleme, eliň işde, diliň dogada, dilegleriň kabulmydyr?-diýipdir.
-Kabuldyr, agam. Yekeje dilegim-ä entek kabul bolanok. Meniň Ahmet Hanbeli hezretlerini görmek arzuwym bar. Onuñam nesibeli güni bardyrda-diýende:
-Wah, jan ogul, seniň şol dilegiňem kabul. Şol men-dä!-diýipdir. Öý eyesi ýerinden turup, Hanbeli hezretlerini garsa gujaklapdyr. Begenjinden süññi gowşap, hamsygypdyr.
Olar uzak gije ýatman, söhbetdeş bolupdyrlar.
Niýetiň, päliň düzüw bolsa, müşgil işlerem asana aýlanar eken.
* * *
Ir zamanlarda bir zalym patyşa bolupdyr. Günlerde bir gün ol patyşa dana weziri bilen atly gezelenje çykypdyr. Olaryň ýoly bir harabaçylygyň üstünden barypdyr. Harabaçylykda iki sany baýguş biri-biriniň garşysynda oturyp, uly galmagal edip, jakyrdaşýan ekenler. Olar galmagalyny goýar ýerde goýmandyrlar. Şonda patyşa wezire:
-Bular näme üçin goh edýärler?- diýip sorag beripdir. Akylly wezir:
-Hormatly hökümdarym, olar oňşanoklar. Ogully baýguş gyzly baýguşa gudaçylyga gelip otyr.Gyzly baýguş: «Meniň gyzymy ogluňa gelin edip aljak bolsaň, maňa köp haraba salgyt tölemeli bolarsyň» diýýär. Ogully baýguş bolsa: «Geregiň harabaçylyk bolsun Pylany patyşamyzyň jany sag bolsa haraba gytçylygyny çekesimiz ýokla" diýip, olar ahyry ylalaşyga geldiler -diýýär.
Patyşa wezirden bu aýlawly sözleri eşidenden soň, uzak wagtlap oýlanyp oturanmyş. Şol günden başlap, ol zalymlygyny goýup, halkyň söýen patyşasyna öwrülenmiş.
* * *
Ymam Şafyk hezretleri sopularyna sapak berip oturan eken. Şol wagt bir çaga penjiräniň öňünden geçip gidipdir weli, ol zaňňa ýokary turupdyr. Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanypdyr. Sopulary ymam Şafygyň bu bolşuny geň görüp, ondan sorapdyrlar. Şonda ol: «Şol penjiräniň öňünden eýläk-beýläk geçip giden çaganyň Muhammet pygamberiň nesil dowamaty bilen galtaşygy bar. Men şol çagany görenimde, pygamberiň hormatyna ýokary turýaryn» diyip jogap beripdir.
* * *
Gündogaryň görnükli alymy Mahmyt Zamahşary oglan wagtlary garagollyk edip, bir guşuň aýagyny döwüpdir. Ejesi oña telek iş edeni üçin käyäpdir. Zamahşarynyň ulalan wagtlary aýagy şikes alypdyr. Şonda onuň oglan wagty eden telek işi ýadyna düşüp, hapa bolupdyr.
Toplan Hangylyç TAGANGYLYJOW,
Bereket etraby, mirasgär.