Tűrkmenistan Watanymyzda täze başlanan 2019-njy yyl “Tűrkmenistan - rowaçlygyň Watany” diylip atlandyryldy. Rowaçlyk, eysem, bu näme? Rowaçlyk - bu agzybirlik, şowlulyk, bagtyyarlyk diyen manylary beryar. Şol sebäpden hem Tűrkmenistan dowleti rowaçlygyň Watanydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyyarlyk döwrűnde tűrkmen halkynyň beyik işleriniň tapgyryny dowam etmäge gönűikdirilendir. Öňde Watanymyzyň durmuşynda döredijilik we rowaçlyk yoly bilen okgunly hereketini dowam edyän nobatdaky möhűm tapgyr duryar. Berkarar dowletimiziň bagtyyarlyk döwrűnde eziz Watanymyz gűlleyär, gűl açyar. Yurdumyzyň çar kűnjűndaki obalar şaher bilen bäsleşyar. “Tűrkmenistan - rowaçlygyň Watany” yylynda ähli ulgamlardyr pudaklaryn sazlaşykly işlemegi, täze sepgitleri eyelemegi babatda öňde goyan wezipelerinden ugur alyp, ukyp başarnyklarymyzy, yhlasly zähmetimizi gaygyrman, eziz Watanymyzyň ösuşine mynasyp goşandymyzy goşarys. Tűrkmenistan döwletimiziň şan-şöhratynyň has-da belende galyan döwrűnde milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goyulyar. Tűrkmen halylarynyn, ahalteke bedewlerimiziň gözelligi we nepisliginiň has-da kamil derejä çykarylyandygyny buysanç bilen aytmak bolar. Şan -şöhraty dűnya dolan ahalteke bedewi taze eyyämyň- işjen döredijilik ylhamynyň, ruhy galkynyş döwrűnin aydyn alamaty bolmak bilen, 2019-njy yylyn “Tűrkmenistan - rowaçlygyň Watany” şygarynyn baş maksadyny beyan edyar.
Sazlaşykly ösyän mahriban yurdumyzyň mundan beylak-de has-da rowaçlanjakdygyna ynanyarys.