Zenanyň boş wagty ýok,
Döwür onuň islegine bakmaýar:
Çagaka - kakasy,
Gelinkä - äri,
Garran çagam - çagalary saklaýar.
Akyl-paýhas şu iki
Şerti berjaý etmeli:
Ýa-ha ile ýetmeli,
Ýa arzysyz gül ýaly
Gurap, solup gitmeli.
Gurbagalaň batgalyga,
Balyklaryň köle, derýa
Ymtylşy dek,
eşretlerem
Azaphony gowy görýä.
Gerekmez zat saýyp,
Akyl-paýhasdan
Ýüz sowar tentek.
Onuň bolşy,
göýä körüň eline
Çyra beren dek.
Damjalaryň damyp-damyp,
Köl bolşunda many kändir.
Hut şeýdip, bilimli, baý hem
Gowy adam bolunýandyr.
Kän alada galma ýaşaýyş hakda,
Ony senden ozal eden Biribar.
Entek bu jahana inip-inmänkäň
İçjek süýdüň enäň göwsünde taýýar.
Guwlara - ak, totulara - sap-sary,
Tawuslara şeýle ajap reňk beren,
Meni-de durmuşda näumyt goýmaz,
Ynam berer,
rysgal berer,
erk berer.
Gadymy Hindi Şygyr Antologiýasyndan.
advokatt 5 years ago- Dogry aytyan ynam elmydama gerek