Bir bar eken,bir ýok eken. Gadym zamanlarda bagtyň gözleginde ýaşan bir adam bar eken. Eýýäm mekdepde ol ähli çagalardan işjeňligi bilen tapawutlanýardy, sebäbi ol bagta ýetmek isleýärdi. Mugallym ony beýleki okuwçylardan has gowy görerdi. Yzygiderli öwgülere mynasyp bolýandygyna garamazdan, ol özüni bagtsyz diýip hasaplaýardy. Şol sebäpli hem ol has-da ezberlik bilen işlemegi ýüregine düwüpdi. Wagt geçip, ol ýetginjeklik ýaşyndan çykdy, hem-de bir käriňbaşyny tutmaly diýen netijä geldi. Bagtyň gözlegindäki adam bir täjiriň ýanynda satyjy bolup işe başlapdyr. Günüň gününe, hepdeden hepdä, gijesini gündiz edip erjellik bilen çekilen zähmetiň netijesinde kän müşderileri toplady, olaryň söýgüsini gazandy. Gysga wagtyň içinde täjir şeýle bir baýlyk toplady welin, sagbolsun hökmünde oňa jaý sowgat berdi hem-de söwda işiniň bir bölegini oňa geçirdi.
Üstünligiň bolandygyna garamazdan, ol özüni bagtsyz duýýardy. Kiçijik bagtly bir maşgalasy bolsa, bagtyň özüni tapjagyna adam berk ynanýardy. Ol
obanyň iň owadan gyzyna öýlendi. Aýaly oňa özi ýaly owadan iki perzendi sowgat etdi. Ýöne bagt häli şindi oňa duşmady, azyndan ol adam şeýle pikir
edýärdi. Täjir aradan çykdy hem-de bar mülkini oňa galdyrdy. Adam indi tütjar baýdy. Ol maşgalasy üçin obanyň iň uly jaýyny satyn aldy. Söwda işlerindäki başarnyklary hem-de ýokary hilli önümleri bilen meşhur bolanlygy sebäpli, ýurduň ähli künjinden adamlar onuň bilen işleşmäge gelýärdiler.
Emma bagtyny welin ol entäk tapanokdy. Çäresizlikden ol oba kethudasyndan maslahat almagy ýüregine düwdi.
“Men näme etmeli?” diýip adam kethudadan sorady. - “Islän zatlarymyň ählisi mende bar. Älem jahan maňa haýran galýar. Ýöne men hiç bagtymy
tapamok? Sen maňa maksadyma ýetmäge kömek
edip bilermiň?” Oba kethudasy başyny egip, çapak çaldy, edil şol pursat olar bir ýolda durdylar. Asman hem bulutlap, dumanlap durdy. Olaryň yzynda kiçijik aýnaly agaçdan gapy bardy. Şol aýnadan bolsa adam obasyna seredip bilýärdi, olaryň öňünde bolsa tükeniksiz, jadyly bir ýol ýatyrdy. Ol ýol bolsa bir
derwezä eltýärdi. Derweze ýetilgesiz gözýetimdäki alysda ýerleşýärdi we uzakdan bolsa ajaýyp altyn derweze şöhle şaçýardy.
- ,,Bu ýol seniň synagyň” diýip kethuda düşündirdi.
,,Ahyrynda saňa bagt garaşýar”. Ýaşuly çapak
çaldy we gözden gaýyp boldy. Adam bir az wagt ikirjeňlenip durdy. “Bagtdan
ýüz döndürip bolmaz” diýen netijä gelip, aňyrsyna çykyp bolmajak, alysdan şöhle şaçýan derwezä tarap ylgady. Biraz wagtdan ol açlykdan, suwsyzlykdan, aýakagyrydan ejir çekip başlady – ýöne bu ony yzyna dönmäge mejbur edip bilmedi. Sebäbi ol öz maksadyny, “bagty” hemişe göz
öňüne getirýärdi. Günleriň bir güni onuň ýolunda bir uly dag
peýda boldy. Dag şeýle bir beýikdi welin, adam
onuň depesine hat-da göz öňüne getiribem
bilenokdy; emma ol şonda-da ruhdan düşmedi. Ol
dagyň çür depesine ýetýänçä, dik diwardan
aşmaly boldy, daşlardan dyrmaşyp, aýaza hem
sowuga döz geldi, ahyry birnäçe aýlaryň geçmegi
bilen ol ýola düşdi hem-de tükeniksiz ýolda
syýahatyny dowam etdi. Az ýöräp, köp ýöräp, belki-de bu wagta ýyllaryň
geçen bolmagy ahmal, onuň öňünde birden diýen
ýaly, çuň, gök deňiz peýda boldy, deňiz şeýle bir
giňdi welin, adam onuň kenarynyň bardygyny
ykrar edibem biljek däldi. Bagty tapjakdygyna
berk ynanan bu adam pikirlenmän özüni suwa
oklady, argynlykdan ýaňa zordan gollaryny we
aýaklaryny hereketlendirip bilýändigine
garamazdan, gijedir gündiz, hepdeläp, deňziň
aňyrsyna çykýança suwda ýüzdi.
Adam garran çagy porsan, bulançakly deňziň
kenaryna çykdy. Onuň bedeni örän ýadawdy,
onuň sakgaly bolsa buduna ýetýärdi – emma
şonda-da adam bagty tapmak baradaky pikirlerini
aklyndan çykarmady. Aýagyndaky tegmiller,
gökler bilen adam batga batyp, palçyklardan
ýöredi. Ol indi zordan dem alyp bilýärdi, endamjanynda ysgyn galmady, ýöne ynanyp bolmajak
bir duýgy ony sabyrlylyga mejbur etdi.
Batgalygy yzda galdyran mahaly ol has hem
garrapdy. Ol bir aýagyny beýleki aýagynyň
ýanyna zordan şüýşürip bilýärdi, el-aýagy
titreýärdi. Ýöne onuň bagta ýetmek arzuwy ony
ýoluny dowam etmäge iterýärdi.
Ahyry bir gün, ölüm wagty golaýlanda ol
altyndan şugla şaçýan derwezä ýetipdi.
Tolgunmakdan ýaňa göze inen gözýaşlar
ýaşulynyň ýaňaklaryndan syrygyp gitdi.
Sandyrap duran elleri bilen tutgujyna ýapyşdy,
ony toglady, gapyny açyp, derwezeden geçip
ylgady derwezäniň aňyrsynda bolsa oňa ...... Hiç zadam garaşanokdy. Adam doňup galdy. Ol gaýta-gaýta daş-
töweregine garanjaklady, öz bagtyny gözledi,
emma hiç zat üýtgänokdy hiç zat ýokdy. Ol boş,
aýnasyz, çal diwarly hem-de ýekeje çal ýorganly
otagda ýeke özi durdy. Howsalalyk adamy gurşap
aldy. Ol eýläk-beýläk ylgaýardy, diwarlary
ýumruklaýardy, çäresizlikden gygyrýardy, ýöne
hiç zat üýtgänokdy.
Edil şol wagt adamyň ýanynda kethuda peýda
boldy. Ýüzünde bolsa ajy gülki oýnaýady. – Şu
pursat adamyň ýüreginde ýigrenç bilen gahar
bardy.
- “Sen meni aldadyň!” diýip ol gygyrdy.
- “Şu derwezä ýetmek üçin men ömrümi gidirdim,
ýöne bu ýerde hiç zat ýok. “Bu ýoluň ahyrynda
saňa bagt garaşýar” diýdiňä. Sen aldagçy”.
Ol kethuda tarap gollaryny uzatdy, ony urmak
isledi. Ýaşuly bolsa ýylgyryp, “Men aldamadym”
diýdi.
- “Seniň bagtyň şu ýoluň gutaran ýerindedi. Ýöne
sen ters ugur bilen gitdiň.”
Düşündiriş hökmünde ol ähli zady yzyna aýlady,
kynçylykly, tükeniksiz ýola gaýdyp geldiler. Ne
batgalygy görkezdi ol, ne-de deňzi, hat-da dagdada eglenmän, eýsem has öňki bolan zatlara
ünsüni çekdi. Bagtyň gözleginde ömrüni terk edip
gaýdyp, hat-da gün şöhlesi-de düşmeýän agaç
gapynyň öňünde durdylar. “ Haçan-da şu
gapynyň öňünde duraňda sen yzyňa
öwrülmelidiň, yzyňa dönmelidiň” diýip kethuda
uludan demini aldy.
“ Özüňi bagtly saýmak üçin seniň ähli zadyň
ýetikdi. Ýöne näme üçindir adamlar elindäki zadyň
gadryny bilmeýärler. Siziň ähliňiz hem hemişe giç
bolan soň düşünýäňiz-dä, arman” – diýen sözler
bilen ol ellerini galdyrdy, çapak çaldy we gözden
ýitdi. Biraz salym geçenden soň, adam öz
durmuşy hakda pikirlendi. Kethuda rast aýdýardy.
Altyndan derweze şugla şaçýarka ol boş otagda
ýeke özi soňky demini sanap ýatyrdy.

Terjime eden: Ýannyýewa Gülnara

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir