Türkmenistanyň meşhur  onlaýn hyzmatlary

Internet ulgamynyň ulanyjylarynyň sanynyň artmagy bilen, soňky wagtlarda olar üçin köp mümkinçilikler döredilýär, ýagny täze we peýdaly programma üpjünçilikler we web saýtlar taýýarlanylýar. Bularyň kömegi bilen, bildiriş goşmak arkaly haryt satmak, satyn almak, habarlar okamak, telefona töleg etmek, aýdym almak we ş.m. ýaly işleri ýerine ýetirip bolýar. Makalamyzda birnäçe meşhur onlaýn hyzmatlar barada gürrüň bereris.

1. TMCell töleg

TMCell töleg - “Altyn asyr” ÝGPJ tarapyndan taýýarlanylan mobil programma üpjünçiligi bolup, abonentleriň hasabyny doldurmak hyzmatyny ýeňilleşdirýär. Bu programmany telefonyňyza gurnap, bank kartyňyzy programma birikdirip, “TMCell” hasabyňyzy tutumsyz dolduryp bilersiňiz. Bu hyzmat barada doly okamak üçin “Altyn asyr” ÝGPJ-niň resmi web saýtyna şu salgy boýunça geçip bilersiňiz.http://www.tmcell.tm

2. Internet-banking hyzmaty

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň banklary tarapyndan müşderileri üçin döredilen Internet-banking hyzmaty birnäçe ýyldan bäri ulanylýar. Onuň 2 görnüşi bar:

1. “Altyn asyr” kartlary üçin niýetlenen internet-banking we käbir banklaryň öz müşderileri üçin niýetlenen internet-bankingi. Internet-banking hyzmaty barada gysgaça: bank kartyňyzyň üsti bilen internetden dürli tölegleri edip bilmeklik, kartyň balansyny we töleg taryhyny görüp bilmeklik we şuňa meňzeş birnäçe peýdaly hyzmatlardan peýdalanmaklyk. Käbir banklaryň öz müşderileri üçin döreden internet-banking hyzmaty arkaly bolsa hasabyň galyndysy, karz galyndysy, depozit şertnamalar ýaly peýdaly maglumatlary öwrenip bolýar. Mysal hökmünde aýtsak, internet-bankingiň bu görnüşi Türkmen-türk PTB-de, “Rysgal” PTB-de bar.

 

3. Mobil-banking hyzmaty

Mobil-banking hyzmatynyň Internet-banking hyzmatyndan ýekeje tapawudy – diňe telefon we planşetler üçin niýetlenen bolmagy we mobil programma üpjünçiligi görnüşinde bolmagy. Internet-banking web saýt görnüşinde, mobil-banking mobil programma üpjünçiligi görnüşindedir. http://www.halkbank.gov.tm   maglumat alyp bilesiňiz.

 

4. Tiz taksi

TIZ.TAXI - mobil programma üpjünçiligi görnüşinde bolup, taksileri internet arkaly çagyrmak üçin niýetlenendir. Taksilerde ýörite planşetler ornaşdyrylan we ýoluň uzynlygy, ugry, tizligi, bahasy barada zerur maglumatlary görüp bolýar. Programma üpjünçiligi ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrligi we “Altyn asyr” ÝGPJ tarapyndan bilelikde işlenilip taýýarlanyldy. 

Resmi şu salgyda   http://www.tiz.taxi/ru/ashkhabad/ . 

 

5. Demirýol

Türkmenistandaky demir ýol gatnawlaryny onlaýn görnüşde görmek üçin ýurdumyzyň Demirýol ulaglary ministrligi tarapyndan “Demirýol” mobil programma üpjünçiligi taýýarlanyldy. Bu programma arkaly bir nokatdan beýleki nokada çenli otlylaryň gatnawlarynyň sanawyny we otlynyň görnüşlerini görüp bolýar. Bu programmanyň web görnüşi hem Demirýol ulaglary ministrliginiň web saýtynda bardyr.ww.railway.gov.tm/tk/schedule

 

6. Türkmenportal

Beýleki onlaýn hyzmatlaryndan tapawutlylykda, Türkmenportal web saýtymyzda gyzgyny bilen okyjylarymyza ýetirilýän gündelik habarlary, dürli temalar boýunça gyzykly makalalary okap bilersiňiz, şeýle hem afişalar bilen tanyşyp bilersiňiz. Gyzykly makalalar yzygiderli çap edilýär, olaryň arasynda has meşhurlyga eýe bolanlary – kompýuter we häzirki zaman tehnologiýalary bilen baglanyşykly temalar (IT, Hi-tech). “Afişa” bölümimizde bolsa, geçiriljek sergiler, kinoteatr we teatrlardaky film we oýunlaryň sanawy, wakalar, çäreler barada maglumatlar bilen tanyşyp bilersiňiz. Şeýle-hem, ýokary okuw jaýlar barada, tenderler, fotoreportažlar ýaly ýetirilýän peýdaly maglumatlary okap bilersiňiz

 

7. TMCars

Bu mobil programma üpjünçiligini bilmeýän ýok bolsa gerek. “TMCars”-da awtoulaglary, awtoulaglaryň şaýlary we beýleki bildirişleri ýerleşdirmek we görmek bolar. Harytlary we awtoulaglary satyn almak we satmak boýunça ilkinji orunda we iň köp ulanylýan programma üpjünçiliklerinden biri hasaplanýar.

 

8. Vestnik

Ilkinjileriň hatarynda çykan bildirişleri ýerleşdirmek, görmek, dürli harytlary satmak we satyn almak üçin web saýt.

 

9. “Türkmentelekom” DEAK-dan SMS habar berme hyzmaty

“Türkmentelekom”-yň internetini peýdalanýan müşderiler üçin şahsy otag boýunça SMS görnüşde habar berme hyzmaty.

 

10.  TMCell Sazz

“Altyn asyr” (TMCell) LTE ulgamynda çäksiz aýdym saz. Bu mobil programma üpjünçiligiarkaly dürli aýdym-sazlary telefonyňyza alyp bilersiňiz.

 

11.Nesip etsin

11.Nesip etsin

Bu mobil programma üpjünçiligi täze döredildi, emma muňa garamazdan özüniň döwrebap we çalt işlemegi netijesinde ulanyjylaryň arasynda gysga wagtda uly meşhurlyga eýe boldy. “Nesip etsin” mobil programma üpjünçiliginiň esasy aýratynlygy - bildirişleriň tertipleşdirilen kategoriýalara bölünmegi we ulanyjynyň hiç kösenmezden, aňsatlyk bilen öz gözleýän bildirişini tapyp bilmegi we mobil programma üpjünçiligiň işleýişiniň ýeňil bolmagy. Bulardan başga-da meşhur onlaýn hyzmatlary we programma üpjünçilikleri köpdür. 

12.Bronlamak

 
 

 Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabat şäherindäki şäherara ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçylar üçin şäherara gatnawlara orunlary bronlamagyň ýönekeý usulyny hödürleýär. Internet üsti bilen bron etmegiň häzirkizaman ulgamy ýolagçylara Aşgabat şäherindäki halkara ýolagçy awtomenzilinden ugraýan ähli şäherara ugurlar býunça islendik duralga çenli gidiş we yzyna geliş gatnawlara orunlary bron etmäge mümkinçilik berýär.Indi raýatlarymyz öz bank kartlary arkaly öýde oturan ýerinde internedyň üsti bilen oz gitjek ugurlaryny saýlap we öňünden bron edip bilerler.Resmi saýt salgysy http://awtomenzil.gov.tm/index.php?page=booking

 

13.Türkmenistan howa ýollary ýerli gatnowlara petegi online görnüşde bank karty arkaly satyn almagy internet bilen bronlamak mümkinçiligini hödürleýär



Juma Buzlyyew
Türkmenistanyñ Merkezi bankynyñ
ýöriteleşdirlen bank mekdebiniñ talyby

Täzelikler, bank tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir