Hytaýyň iň uly bölek söwda saýty “Alibaba” her ýylyň 11-nji aýynyň 11-ine geçirilýän söwda festiwalynda köp mukdarda haryt satyp, uly girdeji gazandy. Internet arkaly satuwyň başlan ilkinji 85 sekundynda müşderiler saýtdan 1 milliard dollarlyk dürli görnüşli harytlary sargyt etdiler. Ýurduň bu söwda saýty dünýäde dürli ýurtlarda iş alyp barýar. 2009-njy ýyldan bäri bolsa, her ýylyň 11-nji noýabrynda uly arzanlaşyk kampaniýalaryny gurap, has köp söwda edýär. Bu gezekki söwda festiwalynda satylan harytlaryň umumy bahasynyň ABŞ-da geçirilýän “Black Friday” we “Kiber duşenbe” ýaly arzanlaşyk günlerde gazanylan girdejileriň jeminden hem köp bolandygy habar berildi. “Alibaba” geçen ýyl festiwal gününiň dowamynda 25,3 milliard dollarlyk satuwy amala aşyrypdy. Bu ýylky görkeziji ondan 5 milliard dollar köp bolup, 30,7 milliard dollara ýetdi. Iň köp satylan harytlaryň arasynda elektron enjamlaryny öndürýän “Xiaomi”, “Apple” we “Dyson” kompaniýalarynyň harytlarynyň bardygy aýdylýar. “Alibaba” saýty arkaly 180 müňden gowrak hytaý we halkara kompaniýalarynyň harytlary satyldy.
SSHB 5 years ago- 👍👍👍