Bir adam "r" diýip bilenok. Özem şeýlebir dileçeper eken. Öz aýtçak sözlerini "r" diýip bilmeýändigini bildirmän aýtýan eken. Bir gün bazardan erik alyp gelýärka öňünden tanyşlarynyň biri çykyp onuň üstünden gülmek üçin:
-bazardan näme alyp gelýäň?-diýip sorapdyr. Ol bolsa:
-gelnejeňe miwe alyp gelýänlaý- diýip jogap beripdir.

***
Maral bilen Maýa uruşypdylar,

"R"harpyny aýdyp bilmänim üçin.

"Hurma"diýenimde gülüşipdiler,

"R"harpyny aýdyp bilmänim üçin.



Arynyñ-deregne "Aýy"diýipdim,

"R"harpyny aýdyp bilmänim üçin.

Gurbandan gowuja şarpyk iýipdim,

"R"harpyny aýdyp bilmänim üçin.



Utanyp diýerdim Çynara,Çynaý,

"R"harpyny aýdyp bilmänim üçin.

Geçdi oña söýgim aýdylman gün,aý,

"R"harpyny aýdyp bilmänim üçin.



Hat-da söýgimdenem geçmeli boldum,

"R"harpyny aýdyp bilmänim üçin.

Aýjemaly saýlap seçmeli boldum,

"R"harpyny aýdyp bilmänim üçin.



Şeýdip gyzyñ merti açdy gujagyn,

"R"harpyny aýdyp bilmänim üçin.

Görüp bildim söýgiñ,

Bagtyñ goçagyn,

"R"harpyny aýdyp bilmänim üçin

Edebiýat, Chary Deejay tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir