Dört sany hindili musulman metjitde namaza durupdyr. Şol wagt hem metjidiň azançysy bularyň ýanyna gelip namaza durjak eken. Hindilileriň biri bolsa namazda duranyny ýadyndan çykaryp azançydan şeýle diýip sorapdyr:
- Azany aýdypmydyňyz, ýa heniz namaza wagt barmy?

Dört hindiliň ikinjisiniň muňa gahary gelip namazda duranam bolsa:
- Namaz okalýaka gürleşilermi, namazyň bozuldy seň!

Mundan soň üçünji hindili ikinjä:
- Näme olara goşulýaň, özüňe seretsene, seňem namazyň bozuldy!

Şol wagt dördünji hindili bulara şeýle diýipdir:
- Siziň hemmäňiziňem namazyňyz bozuldy. Hudaýa şükür, men siz ýaly hereket edip namazymy bozmadym!

Şeýdip bu hereketlerinden soň bularyň dördüsiniňem namazy bozuldy.

NÄHILI BAGTLYDYR OL KIŞI, ÖZ AÝBYNY GÖRER, BAŞGA BIRINDE AÝYP IŞ GÖRSEDE ÖZÜNDEN GÖZLÄR. SENDE OL AÝYP IS ÝOK BOLSA-DA ARKAÝYN BOLMA, ÇÜNKI OL AÝYBY BIR GÜN SENEM IŞLÄRSIŇ, OL AÝYP IŞ SENEM TAPAR!

Edebiýat, mirasymyz tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir