Heňňama myhyn uran goja daglaryň howalanyp görünýän ýerinde, aňňyt-aňňyt gum depelerini etekläp oturan, giň aýtymlary, günüň nury çaýylanda gümmezleri älemgoşar ýasaýan metjitleri, asmanyň diregi minaralary, çapraz-çapraz dişli galalary, hol ýokarda, gögüň bäri ýanynda şaglap duran şahyrana çynarlary bilen giňden meşhur bolan şähryslamda elinden dür dökülýän bir ussa ýaşapdyr. onuň ady Muhammet Ibn-Mahmyt bolupdyr. eliniň hünäri bilen ol neberesiniň mertebesini beýgeldipdir. nusaýyň serkerdeleri, merwiň esgerleri oňa yrak poladyndan gylyç ýasadypdyrlar. ýelek ýaly ýeňil, ot ýaly ýiti şol gylyçlaryň deminden galkan gümmürdäpdir. Muhammet Ibn-Mahmydyň elinden çykan tyglaryň, sowutlaryň, gürzüleriň şöhraty eýrany, çyn-maçyny, hindini, hebeşi baglapdyr.
Ussa Muhammet mert ýaşaýşy ýaly, mert hem ölüpdir. şähryslamyň depesinde tyg oýnadyp, ony ele salan mongol hulagidleriniň biri ussanyň özi üçin gylyç ýasamagyny haýyş edipdir. emma muhammet kes-kelläm göwnemändir. onuň baş bermejekdigine göz ýetiren han çapary iki elini burnuna sokup gitmeli bolupdyr. Dergazap bolan han:
— getiriň o haram guly! – diýip, ýowuz perman beripdir. Şeýlelikde, ussany hanyň huzuryna südenekledip eltipdirler. hiç wagt, hiç kimiň öňünde baş egmedik Muhammet Ibn-Mahmyt hanyň “ýarynyň deşigi ýaly” gyýkmak gözlerine dikanlap seredipdir.
— agramyň?!
Ussa birbada aňşyrmadyk bolarly, ol sesini çykarmandyr. han gyzyp ugrapdyr.
— näçeräk agramyň bar diýýän? – gyýkmak gözlerde owsun atan ýeser öwrüm halkalanyp-halkalanyp gidipdir.
— bäş batman!
Han elini çarpýar. şol demde-de üç sany pyýada taýýar bolýar.
— bäş batman tylla getiriň. – hanyň gözlerindäki halkalar däli derýanyň girdabyny ýatladypdyr. – nähili görýäň? diliň gymyldasa bolýar, aýdyber.
— ýok, han, men duşman üçin gylyç ýasaman. – Muhammet arkaýyn gürläpdir. – meň elimden çykan gylyç öz ilimi parçalasa, görümde-de rahat ýatyp bilmerin. ýok, ýok!!
Ýüzüne urlan han gaharyna bäs gelmän gygyrypdyr.
— ýolbarsyň öňüne oklaň!
ýolbarsyň öňüne oklanjak bolup durka, ussa jellatlara garap, şeýle diýipdir:
— kysmatdyr, ondan gaçyp gutulyp bolmaz elbetde. ýöne, bir begenýän zadym: ilime söýgimi haram tylla çalyşmadym. ol şu ýerde, şu topragyň üstünde galar. oňa bolsa, ölme ýokdur.