Paltolary ýyrtyk-myrtyk bolan iki sany çaga gapymy kakdy:
– Köne gazetiňiz barmy, hanym?- Işim kändi. Ilki ýok diýmek isledim, ýöne aýaklaryna gözüm düşen badyna dymdym. Ikisiniň hem aýagynda köne köwüş bardy we aýaklary öldi.
– Öýe giriň, size çaý taýýarlap bereýin.- diýdim. Hiç geplemeýärdiler. Öl köwüşleri halyda yz galdyrypdy. Olara çaýyň ýany bilen bal hem taýýarlap berdim. Belki daşarynyň sowugyny ýatlaryndan çykardyp bilerin we azajyk-da bolsa çagalary ýylandyryp bilerin umydy bilen.
Olar pejiň öňünde garynlaryny ýazýarkalar men hem aşhana bardym we galan işlerimi tamamlamaga durdum. Ýöne olaryň oturan otagyndaky sessizlik ünsümi çekdi, başymy içine uzatdym. Kiçijik gyz elindäki boş käsä seredýärdi. Oglanjyk maňa seretdi we:
– Hanym, siz baýmy?- diýip sorady.
– Baýmy? Hä-ä, ýok!- diýip çaga jogap berýärkäm gözlerim birden ýanyndaky gyzjagaza tarap gaýdy. Gyzjagaz elindäki käsäni tabajygyna ýerleşdirdi we: – Siziň käseleriňiz we käse tabajyklaryňyz bar.- diýdi. Sesindäki açlyk garyn açlygyna meňzemeýärdi. Soňra gazetlerini alyp, daşarydaky sowuga çykdylar. Sag bolsun hem aýtmandylar, ýöne bu gerekli däldi. Sag bolsun aýtmakdan has gowy iş bitiripdiler. Gök käselerim we käse tabajyklarym jübütdi. Bişiren kartoşkamyň tagamyna seretdim. Kartoşkalar gyzgyndy, başymyzy sokar ýaly öýümiz bardy. Ýoldaşym bardy we ýoldaşymyň hem işi bardy. Bular hem käselerim we käse tabajyklarym ýaly biri-birine uýýardylar. Oturgyçlary pejiň öňünden aýryp, ýerlerine goýdum. Çagalaryň köwüşleriniň yzlary heniz hem halynyň üstünden aýrylmandy. Aýak yzlaryny süpürmedim. Mundan soňra hem süpürmerin, nähili baýdygymyzy unadaýmagym mümkin belki.
messibet 6 years ago- 👍👏
Halymyza şükür etmeli!