Aşşy kakamyzyň aýagynyň öýümizden ýygnanmajagyny bilip, ahyry işgärlerimizden başy boş dul aýalyň bary-ýogy hakda soraşdyrdyk.
Dul kän eken. Ýöne olaryň hijisem Aşşy kakamyzyň küýseýşi ýaly ýerden ýeke çykan däl eden. Ählisinde ogul-gyz-da bar eken, kowum-garyndaş-da.
Aşşy kakamyz soňky günler gelende, bize igenip ugrady.
—Mesgäňiz-ä eýýäm iýäýipsiňiz. Işem mesge iýşiňiz ýaly etmeli ahyry—diýip, ol mundan iki aý öň beren mesgesinem unutman gepledi.—Meni ýöne gatnadyp ýörsüňiz. Henizem tapaňzokmy maňa ýanýoldaş?
—Şäher-ä sorama kemini goýmadyk—diýip, adamym müýnli gepledi.—Onda-munda bar eken dul, ýöne olaryň barysy hossarly, çagaly...
Aşşy kakamyz ýylan gören dek, gözlerini tegeläp, ellerini daldalatdy:
—Aý, ýok, çagaly, hossarly bolsa gerek däl! Ýetim hem önelgesiz bolsun!
—Beýle maşgalany tapmak kyn bolaýmasa—diýip, adamym eginlerinden dem aldy.
—Gowy zady tapmak, elbetde, kyn—diýip, Aşşy kakamyz özüniňkini dogry etdi.—Kynam bolsa, gaýrat ediň indi. Magazin müdiriniň hossarlary üçin goýlan mesgeden ep-eslisini goparypjyk bermegem aňsat däl!
—Nälet bolsun şol mesge alan günümiz!—diýip, men ahyry nerw damarlarymyň çekilişine çydap bilmän, Aşşy kakamyz gidensoň, gaharly hüňürdedim.—Almasak bolmaýamy şo mesgäni!
—Indi aýal tapyşaýmasak, bu adam bizi günümize goýmaz—diýip, adamym hem gaharly gepledi.—Her zat edeli welin, iýen mesgämizi ödäli! Belki, şondan soň bu adam başymyzdan sowlar.
Aşşy kakamyzyň soňky igenji mazalyja degnamyza degdi. Alan mesgämizi yzyna tabşyraly diýsegem, göze görner ýerde mesge ýokdy.
Şol günden başlap, şäheri köçeme-köçe, öýme-öý aýlanyp diýen ýaly, Aşşy kakamyza dul aýal gözledik. Dul känem bolsa, Aşşy kakamyzyň göwnüniň isleýän duly ýokdy.
Soňky günler Aşşy kakamyz biziň bolşumyza hum ýaly çişip ugrady:
—Henizem tapaňzokmy?—diýip, gahardan sesini gataltdy.
Adamym bir gün maňa tarap ümledi:
—Bolmasa, şuny...
Aşşy kakamyz adamymyň sözüni dessine böldi:
—Ýok, ýok, Makga jan... Seň gelniňi eliňden alyp bolmaz-a... Onsoňam, munuňam çagalary bar-a.
—Men muny menden alyp git diýjek bolamok—diýip, adamym sözüniň yzyny dowam etdi.—Şuny komandirowka iberip göräýeli diýjek bolýan...
—Hä, şeýt, şeýt, ine, munyň bolýa—diýip, Aşşy kakamyz ýüzüne ýagtylyk çaýdy.—Öňräkden şeýtmeli ahyry.
Şol günüň ertesi men komandirowka ugradym. Ýöne yza netijesiz dolanmaly boldum.
Soň adamym gitdi. Ondanam netije bolmady. Soň ýene men gitdim. Soň adamym gitdi. Soň men, soň adamym...
Garaz, ýurduň içinde görmedik raýonymyz, barmadyk kolhozymyz galmady. Bary netijesiz boldy. Dul kändi. Barynyňam hossary bilen çagasy bardy.
—Äý, siziň-ä iş bitirişiňiz mesge iýşiňiz ýaly däl eken—diýip, Aşşy kakamyz zol gelip, bize igesini sürtüp-sürtüp gidýärdi.
Bizem näme etjegimizi bilemzokdyk. Diýseň utançly hem müýnli halda başymyzy aşak salyp gezip ýördük.
Günleriň bir güni men ýene komandirowka gitdim. Öýe gaýdyp gelýärkäm, goňşy küpäniň açyk gapysyndan bir aýal maşgalanyň zarynlap, nalynjyraýan sesi eşidilip ugrady. Ol, bir görseň, aglaýan ýaly, bir görseňem, kimdir birine gargynýan ýalydy.
Men onuň: “Başymy alyp çykyp gaýtdym. Indi öläýsem-de, şo gapydan barjak däl, Maňa doganam gerek däl, hossaram. Alla maňa çaga-da bermedi. Indem otlynyň ýolunyň gutarýan ýerine çenli gitjek-de, çem gelen ýerde galjak” diýen sözlerini eşidip, ýerimden nähili galanymy duýmadym. Goňşy küpä urup, nalaýan daýzanyň gaşynda çökdüm.
—Jan daýza, hiç ýerik başyňy alyp gitme. Men seniň ähli sözleriňi eşitdim. “Her iş bolsun, bähbit bolsun” diýleni. Seniň hossarlaryňy terk edip gaýdanyň bähbit bolupdyr. Saňa şarňyldap duran öý bilen bir epeý adam garaşyp otyr-a. Seň ýaly maşgalany gözläp, meniň barmadyk gapym, münmedik ulagym galmad-a.
Aýal düşbüje maşgala eken. Meniň näme diýjek bolýanymy derrew aňdy. Gyňajynyň çowy bilen ýüz-gözlerini süpürişdirdi. Näz-kereşmeli çaýkanjyrady:
—Waý-eý, goýaweri, gyz, bu ýaşdan soň...
—Ýaş diýmesene, daýza jan, ýaş diýmesene!—diýip, men öz sözlerimiň oňa kem ýaramaýanyny duýup, has-da gysmyljyradym.—Biziň Aşşy kakamyzy görseň, özüňi hut on sekiz ýaşlymyka öýdersiň.
Garaz, täze tapan daýzamy yrmak üçin o diýen uzak wagt gerek bolmady. Ol derrew jylawyny meniň elime tutdurdy.
Onuň ady Doýdukjemal eken. “Aşşy kakam munuň adyny süýjetmek üçin nädip gysgaldarka?” diýip, dessine pikir öwürdim. Soň hem: “Nädip tutsa, şeýdip tutsun, biziň başymyzdan bir basymrak sowulsa bolýa” diýip, içimden öz-özüme jogap berdim-de, iýen mesgämizi ödemegiň pursadynyň golaýlanyna ganat baglap, Doýdukjemal daýzamyň-da elinden tutup, otly durandanamözümi ýere zyňdym. Derrew taksi tutup, öýe geldim. Adamym meniň ýanymdaky ýaşynjyrap duran del daýzany görenden, uludann dem aldy:
—Ahyr alnymyzdan gün çoýdy diýsene!
Şeý diýendenem, ol myhman bilen salamlaşmagam unudyp, köçä atylyp çykdy. Men onuň Aşşy kakamyzy getirmäge gidenini aňdym.
—Görüňmi, Doýdukjemal daýza, seni tapanymyza adamym nähili begenýä! Entek Aşşy kakamyň begenäýşine bir syn et sen—diýip, men myhmana ýüzlendim.
Doýdukjemal daýzamyň ýüzi ýagtyldy. Onuň bilen öýe girip, goş ýazdyranymyzam şoldy welin, gapydan atylyp Aşşy kakamyz girdi.
—Ojan! Tüweleme! Sen-ä Aşşy kakaňy begendiräýipsiň!—diýip, ol meniň ýüzüme seretmän gepledi. Özem tigrini gaty sürüp gelen bolarly. Ýüzünden burçak-burçak der syrygýardy. Demini has-haslap alýardy. Gözlerini Doýdukjemal daýzadan aýryp bilenokdy.
—Ojan! Bi akylly daýzaň ady kim?—diýip, ol menden sorady.
Men myhmanyň adyny aýtdym.
—He... Doýdukjemal diýsene—diýip, Aşşy kakam bir salym sözüne dyngy berdi. Soň Doýdukjemal daýza ýüzlendi.—Doýjem jan, ýör, gideli, dem-dynjyňam bizde alarsyň. Bulara ýük bolup durmaly. Men hakda saňa Ojan gürrüň berendir-le? Meniň saňa sabyrsyzlyk bilen garaşýanymy aýdandyr-la?!
Doýdukjemal daýza-da mürähede ýakyn boldy. Aşşy kakamyzyň sowallaryna baş atyp jogap berdi. Soňam ýerinden turup, onuň yzyna düşdi. Aşşy kakamyz Doýdukjemal daýza seretjek bolup, meniň bilen hoşlaşmagam unutdy.
Olar gidensoň, adamym geldi.
—Sag-aman başymyzdan sowuldym-aý?—diýip, adamym töwerege göz aýlady.
Men onuň Aşşy kakamyzy göz öňünde tutýanyny bilip duramsoň:
—Gitdi—diýip jogap berdim.
—Gitdigi bolsun. Indi bir dolanmasyn şol—diýip, adamym hüňürdedi. Soňam ýylgyryp, hoş habary buşlady.—Dükanlardaky ähli zat hemmä deň bolar ýaly, talon boýunça beriljekmiş. Indi bizem mesgedenem, etdenem gerek hakymyzy alarys!
—Şeýlemi? Şeýle bolawersin. Hemmä-de ýetewersin şo zatlar!—diýip, men begenjimden diriň-diriň bökdüm.
Aşşy kakamyz Doýjem daýzamyz bilen ylalaşan bolsa gerek. Şol günden soň gije-gündiz laýyjak kyrk gezek orunlaryny çalyşýança, Aşşy kakamyz bize gara bermedi.
Laýyk kyrk günden soň ol ýene geldi. Özüniňem ýüz-gözi kokuşyp durdy.
—Aý, ötüki, tapyp bereniňiz-ä çaý-çöregiň-de ugruny bilmeýän eken-laý—diýip, ol derwezeden girenden, saglyk-amanlygam unudyp, gygyryp gepledi.
Biz gürrüňiň Doýjem daýzamyz hakda barýanyna derrew düşündik. Onda-da birbada sesimizi çykarmadyk.
—Çaýy her gezek aýdyp demletmeli, çöregi her gezek diýip bişirtmeli—diýip, Aşşy kakamyz iňirdisini dowam etdi.—Bu zatlary aýal diýen zat aýdylmanda, özünden bilmezmi!
—Gaharlanmasana, Aşşy kaka!—diýip, adamym oňa göwünlik berdi.—Aýallaryň baryna-da işi diýip etdirmel-ä. Özünden bilip iş edýäni barmy bulaň! Ine, biziňkem şeýle!
Şeý diýip, adamym maňa tarap elini salgap goýberdi.
—Şeýlemi?—diýip, Aşşy kakam böwrüni diňledi. Gözlerini elek-çelek edip, bir maňa, bir adamyma seretdi.—Onda men yzyma gidibereýinmi?
—Elbetde!—diýip, adamym ýene onuň ugrundan gopmaga çalyşdy.—Oň ýaly zatlary göwnüňe alyp ýörmesene, Aşşy kaka. Çaý-çöregiňi aýdanyňda berýänem bolsa, gowy aýallygydyr onuň. Diýeniňde-de etmände nädersiň sen?!
—Onyňam-a dogry...—diýip, Aşşy kakamyz ýene böwrüne diň saldy. Soňam öýüne gaýtdy.
Ol ertesi gün ýene geldi.
—Kartoşka gabyklaryny iým guýulýana dökmän, hakyt, zibile atypdyr ol, siziň tapyp bereniňiz!—diýip, Aşşy kakamyz ýene derwezeden girenden gygyryp ugrady.—Şeýtme diýip näçe gezekler tabşyrdymam, diňlänogam.
Biz ony ýene köşeşdirip goýberdik.
Aşşy kakamyz şol günüň ertesi hem gygyryp geldi.
Biz ony ýene köşeşdirip goýberdik.
Ol ýene geldi...
Biz ony ýene köşeşdirip goýberdik.
Garaz, şeýle ýagdaý on-on bäş gün dowam etdi. Aşşy kakamyz Doýjem daýzamyza juda biderek zatlar üçin igenip gelýärdi. Bir gün onuň bir käsäni elinden gaçyryp döwenini bahana etse, bir gün öý süpürip, sübsäni dik goýanyny bahana etdi. Ýene bir gün ýuwan çäýnegini süpürmän goýanyny bahana etse, bir gün nahar iýilýän kleýonkanyň üstüni esgi bilen süpürmän, kagyz bilen süpürenini bahana etdi. Garaz, ol şeýdip, Doýjem daýzamyz bilen iki aý ýaşaşmanka, biziň beýnimizi gurçuk kimin iýip ugrady.
Ahyry bir günem ol has bolgusyzrak habar bilen geldi. Şol günem dükanlara kartoçka sistemasy girizilip, biz hem bir kilo mesge paýymyzy alypdyk. Ýaňyja çaý oturdyp, öz mesgämiz bilen çaý içjek bolup otyrdyk. Aşşy kakmyzyň gelmesi biziň çaýymyza sogan dogrady. Ol:
—Çörek iýende-de agzyny şapbyldadyp iýýän eken ol, siziň tapyp bereniňiz. Näme üçin oňa agyz şapbyldatmanyň aýypdygy öwredilmedikä?!—diýip, Aşşy kakamyz gowurga bolup gowrulyp ugrady.
Aşşy kakamyz gygyryp bolansoň, bir meniň, birem adamymyň ýüzüne gözlerini çüýjerdip seretdi.
Meniň indi çydam käsäm püre-pür bolup doldy. Ganym depäme urup, hasanaklap ýerimden galdym.
—Yzyma düş!—diýip, adamyma bakyp heňkirdim.
Adamym ýerinden galyp, köwşüni geýýänçä, ylgaşlap, sowutgyçdan kartoçka boýunça alan bir kilo mesgämizi alyp geldim-de, Aşşy kakamyzyň eline tutdurdym.
—Bu näme?—diýip, ol gözlerini elek-çelek edip sorady.
—Mesge. Siziň bize äberen mesgäňiz—diýip, men oňa jogap berdim.—Alyň. Pulam gerek däl.
Men şondan soň adamymy yzyma tirkäp ýola düşdüm. Gaharymyň gaty gelenini duýansoň, adamym ses-üýnüni çykaranokdy. Ol hatda: “Nirä?” diýibem soramady.
Biz köçä çykyp, taksä mündük-de, Aşşy kakamyzyň öýüne bardyk. Geň görmeli zat, Aşşy kakamyz tigirlem bolsa eýýäm öýüne gelen eken. Meniň eline tutduran mesgämem Doýjem daýzamyza berip, ony ýaňy içerik saljak bolup duran eken.
Men sen-men ýok, bardym-da, Doýjem daýzamyň elindäki mesgäni alyp, ýene Aşşy kakamyza berdim. Soň Doýjem daýzamyň golundan çekip, ony uly ýola tarap süýräp ugradym.
—Tut ol golundan!—diýip, adamyma-da azgyryldym.
—Waý, meni nirä alyp barýaňyz?!—diýip, Doýjem daýzamyz nadaralyk baryny etdi.—Aşşu-u! Ýetewer-u! Gitjek däl men hiç ýerik!
Aşşy kakamyz elindäki mesgesini taşlap, ýüpden boşan öküz mysaly höküdikläp, yzymyzdann ylgady.
—Ony nirä alyp barýaňyz-ow?!—diýip bögürdi.
Adamym ikimiz Doýjem daýzamyzdyr Aşşy kakamyzyň hiç birine gulak asman, öňe hereket etdik. Doýjem daýzamyzy süýräp, ýola çykardyk.
—Waý! Men Aşşydan aýrylyp hiç ýerik gitjek däl! Oň ýaly ýürekdeşi men indi hiç ýerden tapman!—diýip, Doýjem daýzamyz agzynyň ýetişdiginden gygyrýardy. Bizden sypjak bolup, güýjünde baryny edip towlanjyraýardy. Ýöne ýaşy birçene baryp, güýçden gaçan çepiksije aýal “men” diýen ýaşdaky iki sany juwan güýje eýgerder ýaly däldi. Aşşy kakamyz bolsa bize elini batyryp bilmän, yzdan walalaýlap gelýärdi.
—Doýjem jan siziň garyndaşyňyzmy? Ýa doganyňyzmy beýdip süýräp äkider ýaly?! Ýedi ýat bigäne siz oňa! Ony siz öň ömrüňizde ýeke gezegem görmänsiňiz-ä!
Birden Aşşy kakamyz doňan ýaly bolup galdy. Öz diýen sözleri ony oýlanmaga mejbur eden bolmaga çemeli. Ol elini galgadyp, maňa bir zatlar diýjek boldy. Ýöne ýetişmedi. Biz eýýäm gabadymyza gelip saklanan taksä Doýjem daýzamyzy dykyp durduk.
—Wokzala!—diýip, men barymyz ornaşanymyzdan soň, taksiçä ugrumyzy salgy berdim.
Aşşy kakamyz biziň nirä ugranymyzy eşidensoň, yzyna ylgady.
—Waý, Aşşy jan! Meni bulara berip gitme-u-u!—diýip, Doýjem daýzamyz onuň yzyndan zar-zar aglap galdy.
Biz wokzala baranymyzda, Aşşy kakamyz eýýäm biziň ýolumyza göz dikip, tigrine ýaplanyp durdy. Biz taksiden düşenimizden, ol biziň ýanymyza ylgady. Gelibem, ýalbaryp ugrady:
—Makga jan! Ojan! Men indi hemme zada düşündim. Doýjemiň maňa çaý-çöregi wagtynda bermeýäni üçinem, kartoşka gabyklaryny zibile oklaýany üçinem, başga bolgusyz gylyklary üçinem siziň günäkär däldigiňize düşündim. Doýjemi äkitmäň. Ýalbarýan! Men onsuz oňup bilmen! Men ony gowy görýän. Geleli bäri oňa hatda iňirdäbem göremok. Oňa iňirdemäň ýerine, gidip size igenýärdim.. Şeýdip ýalňyşanyma indi düşündim men! Garry adam bilen deň bolup durmaň! Günämi ötüň! Ahyr ýaşda ýoldaşsyz goýmaň meni!
Bizem garry adam bilen deň bolup durmadyk.
Doýjem daýzamyz bizden sypandan, Aşşy kakamyza tarap top bolup togalandy:
—Aşşy jan!
—Doýjem jan!—diýip, Aşşy kakamyz hem uzak ýyllaryň aýraçylygyndan soň duşuşan aşyk-magşuk kimin Doýjem daýzamyza gujak gerdi.
Biz olary utandyrmazlyk üçin, ünsümizi başga tarapa gönkdirdik. Olar hem bize tarap nazar aýlaman gitdiler.
Olaryň şol gidişi boldy. Aşşy kakamyz gaýdyp bize gelmedi. Ine, şeýdip, Aşşy kakamyzdan sag-aman dyndyk.
“Edebiýat we sungat”, 19-njy awgust, 1994 ý
Wirus 1 6 years ago- Her hili adam bolmalyda.