"Janym Ejemjan men indi ulaldym"

Boýum ösdi, dertlerim köpeldi, Öňkiler ýaly her aglan wagtym seň gujagyňa ylgap bilemok, Men indi güýçlendim, öz meselelerimi özüm çözmeli diýýärin, Saňa we Kakama ulalandygym subut etmelidigim bilýärin! Sebäbi Ejemjan diýip şymjarsam gynanjagyňy bilýärin, ukysyz galyp alada etjegiňi, iýýän zatlaryň bokurdagyňa düwin boljagyny, aglajagyňy bilýärin,. Çagakam ýykylyp dyzymy sypjyrytdym diýip epesli wagt aglardym, Şumahal şeýle kän aglamak üçin dertlerim, gülen bolup bilmezlige salyp geçirýärin,. Asyl ulalmak beýle eken Ejemjan, Näçe çyndan aglasamam ýaňaklarymdan göz ýaş akanok eken ulalaňsoň,. Men ulaldym Ejemjan...

Terjime eden: Annagurban Annagurbanow

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir