Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli parasatly syýasatynyň netijesinde Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly goşant goşdy we goşmagyny dowam edýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti amala aşyrýan parahatçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik syýasatynyň netijeliliginde, halkara giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy diplomatik ýollar bilen pugtalandyrmaga, durmuş-ykdysady taýdan ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen beýik işlerde we gazanylýan uly ösüşlerde has-da aýdyň duýulýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň köpsanly ýöriteleşdirilen agentlikleri we edaralary hemişelik esasda işleýär. Bu edaralaryň hatarynda Ösüş maksatnamasyny, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissaryň müdirligini, Çagalar gaznasyny, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyny, Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi, Ilat gaznasyny görkezmek bolar. Munuň özi ýurdumyzyň halkara derejesindäki hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini şertlendirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi eýýäm birnäçe ýyl bäri sebitleriň parahatçylykly we sazlaşykly ösmegi, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlyk etmek babatda netijeli işleri alyp barýar. Bu sebit merkeziniň Aşgabatda ýerleşdirilmegi hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyna, Bitarap Türkmenistana bildirilen uly hormatdan we ynamdan nyşandyr.
Türkmenistan Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda geosyýasy we geoykdysady taýdan hem amatly şertlerde ýerleşýär. Bu bolsa Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmege, ösüş arkaly parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Geçen sanlyja ýylyň içinde daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň we bileleşikleriniň Aşgabatda işleýän wekilhanalarynyň sany has-da artdy. Elbetde, bu maglumatlaryň özi Türkmenistan diýarymyzyň daşary syýasatynyň ýokary netijeliliginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, şonuň ýaly-da Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletler we dünýäniň beýleki ençeme döwletleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, ykdysady-söwda, medeni we gumanitar ulgamlardaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirýär. Bu bolsa halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň barha dabaralanýandygynyň, üstünliklere beslenýändiginiň ajaýyp netijeleridir.
Milli Liderimiziň özgerdiji güýjüniň netijesinde syýasy we ykdysady taýdan uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan häzirki wagtda tutanýerlilik we maksada okgunlylyk bilen abadançylygyň we parahatçylykly ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly öňe barýar.
Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesinde öňe sürýän netijeli başlangyçlary, dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam etjek iri taslamalaryň amala aşyrylmagy dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Berkarar Watanymyz bu gün dünýäniň ençeme döwletlerini, halklaryny söwda-ykdysady, medeni hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berýän ykdysady taslamalary, iri zawoddyr fabrikleri, tutuş şäherleri, awtoulag ýollary, demir ýollary gurýar, howa we deňiz ýollarynyň çäklerini has-da giňeldýär. Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň we halkara derejesindäki söwda-ykdysady ösüşleriniň binýady bilşimiz ýaly, geçen sanlyja ýylyň içinde berkden tutuldy.
Bu gazanylýan üstünlikler, ýetilýän beýik sepgitler halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjiligiňiň, hoşniýetli garaýyşlarynyň hem-de ynsanperwerliginiň, mahlasy, umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän beýik ýörelgeleriniň ajaýyp dabaralanmasydyr. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özboluşly aýratynlygy hem syýasy ulgamyň has oýlanyşykly ösdürilmegi bilen bir hatarda, ykdysady kuwwatyň ylmy taýdan esaslandyrylmagynda hem-de synagdan geçen dünýä tejribesiniň netijeli ulanylmagynda, ahyrky netijede bolsa durnukly ösüşleriň üpjün edilmeginde has-da aýdyň duýulýar.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi beýleki döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin berk syýasy we hukuk binýat bolup hyzmat edýär. Şunda BMG bilen ählumumy ösüşiň we döwletleriň hem-de halklaryň umumy we milli bähbitleriniň hatyrasyna gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde we pugtalandyrmakda alyp barýan netijeli işleri Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini düzýär.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir