“Emirates” awiakompaniýasy 38 sany “Airbus-A380” kysymly uçarlary satyn almak barada degişli ylalaşyga gol çekişdi. Ylalaşygyň bahasy 16 milliard dollara deňdir. Häzirki wagtda kompaniýanyň uçar flotunyň düzüminde 101 sany “Airbus-A380” kysymly uçar bar. Sargytlar 2020-nji ýyldan başlap, awiakompaniýa gowşurylyp başlanar.