Mähriban Watanymyzyň paýtagty gözel Aşgabatda ýerleşen Olimpiýa şäherçesinde 2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dabaraly ýagdaýda açylyşy bolan Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty sport muşdaklarynda we bilermenlerde uly gyzyklanma döretdi. Soňky 20 ýyldan gowrak wagtyň içinde agyr atletikada ilkinji gezek täze agramlaryň girizilmegi türkmen paýtagtyny täze agramdaky täze rekordlaryň hasaba alynjak ýerine öwürdi. Bu barada Olimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän “Spot” myhmanhanasynda guralan Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) kongresiniň dowamynda-da bellenilip geçildi. Kongresiň işine Aziýadan, Amerikadan, Afpikadan, Ýewropadan we Okeaniýadan 100 töweregi döwlet wekilçilik etdi.
Olimpiýa şäherçesindäki Sportuň oýun görnüşler merkezinde Aşgabatdaky agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dünýä çempionaty we ondaky ajaýyp pursatlar “Türkmenistan: Sport” teleýaýlymy hem-de daşary ýurtlaryň ençemesiniň teleýaýlymlary arkaly yzygider alnyp görkezildi. Olaryň arasynda Hytaýyň ССTV, Beýik Britaniýanyň ВВС, Amerikanyň ESPN, Russiýanyň “MatсhTV”, Fransiýanyň “L Eguipe”, Germaniýanyň ARD, ZDF we beýleki onlarça döwletleriň teleýaýlymlarynyň bardygy buýsandyryjydyr.
Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça köpçülikleýin welosipedli ýöriş we ylgaw ýaryşlary, şeýle hem “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisi geçirilip, onuň yz ýanyndan badalga alan Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany giň möçberli halkara derejedäki sport ýaryşlaryny guramaga ukyply yurt hökmünde dünýä tanatdy.
Geçirilen dünýä çempionaty käbir aýratynlyklary bilen hem beýleki çempionatlardan tapawutlandy. Halkara agyr atletika federasiýasy erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky bäsleşikleriň her biri üçin täze agramlaryň 10-syny girizdi. Täze agramlar ylmy we statistiki maglumatlar esasynda ýörite topar tarapyndan işlenilip düzülipdir. Çünki, Halkara guramasynyň baş maksady agyr atletikaçylaryň saglygyny gorap saklamaga laýyk ulgamy işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Sportuň bu görnüşinde sagdyn bäsdeşligi gorap saklamak we Halkara agyr atletika federasiýasynyň lukmançylyk komitetiniň işleri hem kongresiň giň tertibinde mynasyp orun aldy.
Agyr atletika sportuň çylşyrymly görnüşleriniň biri bolup, dürli agyrlykdaky ştangany götermek üçin türgene 1 minuda deň bolan 3 synanyşyga mümkinçilik berilýär. Soňra 2 görnüş boýunça synanyşygyň ýokary görkezijisi özara goşulýar. Şunlukda türgeniň agram derejesindäki netije çykarylýar. Agyr atletikada ýokary agyrlygy götermek üçin çalasynlyk, çeýelik, tehnika we hereketleriň deňagramlylygy uly ähmiýete eýedir.
Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji güni 55 kilograma çenli agramda çykyş edýän zenanlar ýaryşa başlady. Günüň ikinji ýarymynda 55 we 61 kilogram agramdaky erkekler öz başarnyklaryny görkezdiler.
Türkmen paýtagtynda geçirilen dünýä çempionatyna dünýä çempionlarynyň we dünýä rekordlarynyň eýeleriniň ençemesi gatnaşdylar. Şonuň ýaly hem Aşgabat Aziýadasynyň çempionlarydyr baýrak eýeleri, dabarasy dünýä dolan meşhur türgenler, tälimçiler we beýleki köp sanly wekiller türkmen myhmansöýerligi bilen garşylanyldy. Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyndan türkmen türgenlerinden: Ýyldyz Jumabaýewa, Maksat Meredow, Kristina Şermetowa, Umurbek Bazarbaýew we Pirguly Pirgulyýew dagylar hem bu ýaryşlara gatnamaga hukuk gazandylar we gowy netijeler görkezdiler. Çempionatyň ikinji güni ýeňijiler mälim edilende, zenanlaryň hatarynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Ýyldyz Jumabaýewa hem bardy. Ol silkip götermek ugry boýunça dünýä birinjiliginiň bürünç medalyna mynasyp boldy. Soňra iki ugur boýunça hem-de itekläp götermekde güýç synanyşdylar. Türkmen türgeni Ýyldyz Jumabaýewa 94 kilogram agramlygy göterip, eminler toparynyň çözgüdi esasynda oňa hakykatdan mynasyp bolan iki kümüş medaly dabaraly ýagadaýda gowşuryldy.
Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň jemleýji güni toparlaýyn çykyşlarda gowy netijeleri görkezen milli ýygyndy toparlara kuboklar gowşuryldy. Medallaryň unumy sany boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň topary birinji orny, Tailandyň topary ikinji we Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň türgenleri üçünji orny eýelediler.
Halkara agyr atletika ýaryşlarynyň dowamynda türkmen meýletinçileri hem işjeň gatnaşyp, abraýly sport çäresiniň üstünlikli geçirilmegine uly goşant goşdular. Olar hoşgylawlygy, öz borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmegi bilen müňlerçe adamlaryň Olipiýa şäherçesinde wagtyny ýakymly geçirmegine ýardam etdiler.Şu mynasybetli iň gowy meýletinçä we tapawutlanan işgäre hem sowgatlar gowşuryldy.
2018-nji ýylyň dünýä çempionaty hemmelere ýatdan çykmajak täsirleri we şatlyk duýgusyny peşgeş beren ajaýyp sport baýramyna öwrüldi. Şeýle hen bu çempionat ähli türkmenistanlylaryň öz ýurduna buýsanjyny has-da artdyrdy. Berkarar döwletimizde guralýan şular ýaly halkara sport çäreleri agzybirligiň, dost-doganlygyň, jebisligiň ýeňşidir.