Söýgisini bile okaýan gyzyna öz öňinde uly bir böwet barlygy sebäpli aýdyp bilmeýän ýigidiň ýazan haty.
"oýlanma"
Aslynda ynsanyň ýüz keşbini esasy bezeýän zat gözleridir.
Ýöne, sende welin başgaça näme diýip, gelşirip aýtjagymy bilemok. Böwrek ýaly dodagyňy diýeýinmi, ýa-da ala gyzyl alma ýaly ýaňagyňymy, gözleriňi diýsene balkyldap içiňden ok kimin geçip barýar. Onsan neneň saňa jadylanan ýaly baglanmaýyn saňa, wah ýöne meniň öňümde uly bir böwet bar-da, howwa ony seň özüňem bilýäň-ä, Ýöne içimdäki gopýan harasaty bilsediň, içimdäki ýüregime sygmaýan söýgimi saňa duýdyryp bilmezdim, sebäbi meň öňümde şol, şol uly böwet maňa päsgeldi,. Bu ýagdaýda-da men muny saňa duýduryp biljek däl, sebäbi menden gaty görmegiňi islämok. Yrza men seni her gün diýen ýaly şeýle, ýönekeý tanyş hökmünde görmäne, Bilýän Kalbymyň içi näçe ala-gopgyn bolsa-da, ýüzüme çykarmaly däldigim,. Käşgä...Käşgä... şol meň öňümdäki böwet bolmasady, käşgä bu zatlary saňa duýduryp bilsedim, Ýüregimdäkileri saňa dökip bilsedim, Emma emma...Sen üns berýän dälsiň kä mahal sen gürläp otyrkaň, birzatlar aýtýarkaň men gözümi bir nokada dikip otyrýan, seniň näme aýtýanyňy bilemok, ýöne... sesiň ýakymyny duýup arzuw-hyýala çümýän, adam pahyr biriniň sesi bilenem arzuw edip biljek ekeni,. Bilýän sen meňki bolup bilmersiň, ýöne şonda-da köplenç halat-da, seni gabanýan partadaşyň bilen gülişip birzatlar gürleşeňde gabanman durup bilemok, bilýänem saňa erbet zat diýmejeklerini, ýöne onda-da....Howwa bulary aýtmak gülkinç ýalydyram ýöne hakykat,. Seniň eliň degen ýerleri galam bolsun, depder bolsun, täzeden özüm elime alyp birsalym saklap otyrýan elimde, öz eliňden tutup bilmesemem, seň eliň degen galamdyr depderi tutsam garaz, az-da kän-de, Kalbym aram tapmazmyka diýip,. Kä mahal dagy gözümiň içine seredip sorag beren wagtyň şol soragyň jogabyny tapmak üçin ýeriň aňyry ujyna gidip bilip gelmelem bolsa taýýar, ýöne iň aňsat soragy berýärdiň, Şonda-da sesiňi uzagyrak eşdeýin diýip hem seň bilen gürleşeýin diýip soragyň jogabyny bilýänem bolsam uzaga çekip bermeýärdim jogabyn, saňa ýazan goşgularymy okanyňda"Bu goşgyň gowydygyny" diýen wagtyň seň üçin şu goşgym diýip näler diýesim gelýär. Ýöne seň üçin näçe şygyrlar ýazsamam saňa seň üçin diýip biljek däldim,. Käşgä..şulary saňa aýdyp bilsedim Melegim wah käşgä käşgä....
Annagurban Annagurbanow