Meşhur rumyn şahyry

Ömri we döredijiligi

Mihai Eminesku (Miˈhaj Emiˈnescu); (15.01.1850 – 15.06.1889), duýguçyl (romantik) şahyr, ýazyjy, žurnalist. Ol Rumyniýanyñ iñ meşhur we nusgalyk ýazyjysy hökmünde tanalýar.
Mihaý Eminesku "Junimea" edebiýat kružogyna işjeñ agza bolmak bilen birlikde Dindarlar partiýasynyñ (1880-1918) metbugat organy bolan "Timpul" gazetitiniñ hem baş redaktorydy. Ilkinji goşgular kitaby heniz 16 ýaşyndaka çap edildi we 19 ýaşynda bilim almak üçin Wena gitdi.
Şahyryñ 14.000 sahypa barabar, 46 jiltden ybarat golýazmalary Titu Maioresku tarapyndan 25. 01. 1902-nji ýylda geçirilen bir konferensiýada Rumyn dili akademiýasyna sowgat hökmünde gowşuryldy.
"Luceafarul" ("Dañ ýyldyzy"), "Oda in metru antic" (Antik äheñli oda), "Epistles/Satires" (Bäş hat") olardan diñe käbiridir. Goşgularynda köplenç adatdan daşary tebigy güýçlere, mifologiki we taryhy temalara ýüzlendi.
Onuñ edebi döredijiliginde nemes filosofy Artur Şopenhaueriñ ýiti yzlary duýulýar.
Eminesku 03.02.1989-njy ýylda Buharestdäki "Marcutsa" hassahanasyna ýerleşdirilýär, soñra "Caritas Sanatoryumun" hassahanasynda bejergi alýar. 15.06.1889-njy ýylda ir sagat 04:00-da "Doctor Şutu" sanatoriýasynda aradan çykýar.
Aradan çykandan soñra 28.10.1948-nji ýylda Rumyn dili akademiýasyna agzalyga saýlandy.
Ejesi Raluka Iuraşcy aristokrat gatlakdan bolan moldowan maşgalasynyñ mirasdüşer gyzydy.

Ömrüniň ilkinji ýyllary

"Mihail" (doglanda çokundyrylan wagtyndan galan resminalardaky ýazylyşy) ýa-da "Mihai" (özi tarapyndan ulanylyşy) Rumyniýanyñ Botoşani şäherinde doguldy. Çagalyk ýyllaryny Botoşani ve İpoteşti şäherlerinde geçirdi. 1858-1866-njy ýyllarda Jernautidäki mekdepde okaýar soñra iki gimnaziýada okuwyna dowam edýär.
Eminesku ýazyjy hökmünde 1866-njy ýylda orta çykýar. Şol ýylyñ 25-nji fewralynda "Eger eýe bolup biläýsedim" ("De-aş avea") diýen goşgusy Pestde "Familia" atly žurnalda çykýar. Mundan soñra ol uzygiderli goşgulary döredip başlaýar. Şeýle hem onuñ familiýasynyñ soñunda slawýan familiýalary ýaly "-iç" (Eminowiç) goşulmasyny halaman, rumyn familiýasyna laýyk görnüşde "Mihai Eminesku" edip çalyşan hem "Familia" žurnalynyñ hojaýyny Iosif Wuljandy. Şahyr 1867-nji ýylda Iorgu Karagialeniñ teatr jemgyýetine ýazyjy we suflýor bolup gatnaşmaga başlaýar, Mihai Paskalynyñ jemgyýetine geçýär. Iki jemgyýetem öz döwrüniñ iñ görnükli teatr jemgyýetlerindendi. Ol soñar Buhareste ornaşyp Milli teatrda (Teatrului National) ýazyjy we nusgalaýjy boldy. Şol ýyllarda-da poetiki eserleri döretmegini dowam etdirdi, terjimeçilik hem etdi.
01.04.1869-njy ýylda rumyn folklory we rumyn edebiýatynyñ taryhy boýunça maglumat berýän "Orient" edebiýat toparyny döretmäge gatnaşdy.
29-njy iýunda bu edebiýat toparynyñ agzalary dürli ýerlere edebi saparlary gurnap başladylar. Bu çäräniñ dowamynda şahyr "Çeşmeji" seýilgähinde ("Parcul Cismigiu") dogany Iorgä duş gelýär. Bu duşuşykda dogany oña maşgalasy bilen gaýtadan gatnaşmagy teklip etse-de, ol göwnemeýär. Şeýle-de bolsa, şol ýyl ýazda maşgalasy bilen gatnaşyp başlaýar we kakasyna okuwyny Wenada dowam etdirmek barada söz berýär. Döredijilikden hiç haçan arany açmady.

Junimea

1869-njy ýylyñ oktýabryndan 1872-nji ýyla çenli Wenada bilim almagyny dowam etdirýär.
Aşa zehinlidigi üçin ol Filosofiýa we hukuk fakultetinde "Adatdan daşary talyp" hasaplanýar. "Junimea" ("Ýaşlyk") tarapyndan çapa taýýarlanýan edebiýat gollanmalaryna ("Convorbiri Literare") gatnaşýar. Bu edebi guramaçylygyñ ýolbaşçylary Petre P. Karp, Wasile Pogor, Teodor Rosetti, Ýakob Negruzzi, Titu Maioresku öz syýasy we edebi garaýyşlary bilen Emineskä ömürboýy täsir etdiler.
Eminescu'nun "Wenera" we "Bakire Merýem" goşgusyna haýran galan "Convorbiri Literare"-niñ redaktory Ýakob Negruzzi ony görmek üçin ýörite Wena gelýär. Negruzzi soñra Emineskuny Wenadaky kafeleriñ birinde birtopar ýaş ýigitleriñ arasyndan uzyn saçlary bilen düşünjelerine siñip giden garaýyşlarynyñ emele getiren romantiki ýüz keşbi arkaly nädip tanandygyny ýazypdy.
1870-nji ýylda Pest şäherinde neşir edilýän "Federatiune" žurnalynda "Varro" lakamy bilen Awsto-Wengriýa imperiýasynda ýaşaýan rumynlaryñ we beýleki halklaryñ ýagdaýy barada üç makalasy çykýar.
Ol Pestde, "Albina" gazetinde işlemäge başlaýar. 1872-nji ýyldan 1874-nji ýyla çenli "Junimea"-dan gazanan pullary arkaly Berlinde okuwuna dowam edýär. 1874-1877-nji ýyllarda "Junimea"-nyñ ýolbaşçysy we Iaşi uniwersitetiniñ rektory Titu Maioresku bilen dostluklary gatnaşyklary arkaly Waslui we Iaşi (Ýaş) edara ediş regionlarynda pedagogiki wekil, inspektor wezipelerinde, Iaşi Poçtasynda we Iaşidäki Merkezi kitaphanada işleýär.
1880-nji ýylda "Timpul" gazetine baş redaktor bolup Buhareste gidýär. 1883-nji ýylyñ iýun aýynda şahyr agyr keselleýär.
1883-nji ýylyñ dekabrynda Titu Maioreskunyñ sözbaşysy bilen saýlanan goşgularynyñ ýygyndysy çykarylýar.

Ömrüniň soňky ýyllary

Ömrüniñ soñky ýyllarynda psihiki depressiýany başyndan geçirýär. 15.1889-njy ýylda gije sagat 04:00-da hassahanada aradan çykýar. Ölüm sebäbi häzirk wagta çenli doly anyklanman galdy we şahyryñ janyna kast edilendigi çaklanylýar. Buharestde "Bellu" gonamçylygynda jaýlanýar. Eminesku Watanyna jan-dilden berilen merdana ogullardan bolandygy üçin şol wagtky Awstro-Wengriýa imperiýasynyñ syýasy çinownikleri tarapyndan yzygiderli ýanalmalara sezewar bolýardy.

Edebi döredijiligi

Rumyn taryhçysy Nikolaýe Iorga Emineskuny döwrebap rumyn diliniñ ruhy atasy hökmünde baha berýär. Şeýle-de ol ýurdunyñ poeziýasyny dünýä tanadan iñ beýik rumyn şahyry hasaplanylýar.

Poeziýasy:

Goşgulary tebigat, söýgi, ýigrenç we sosial tankyda çenli dürli temalarda işlenipdir. Ýetginjeklik döwrüniñ soñky goşgularynda ol çuññur bir nostaljiýa bilen syçramagy başarypdy. Eminesku Artur Şopenhaueriñ işlerinden täsirlenipdi. Käbirleri onuñ iñ görnükli goşgusy bolan "Luceafarul"-yñ "Vedic Cosmogony" eseriniñ ýiti yzlaryny saklaýar diýip düşünýär. Emineskunyñ goşgulary altmyşdan gowrak dile terjime edildi. Ömri, edebi döredijiligi rumyn medeniýeti bilen ýugrulansoñ rumyn mekdeplerinde giñişleýin öwrenilýär.

Iñ ünsi çeken goşgulary şu aşakdakylardyr:

- Doina ("Küýseg");
- Lacul" ("Köl");
- Luceafarul" ("Dañ ýyldyzy");
- Floare albastra" ("Mawy gül");
- Dorinta" ("Arzuw");
- Sara pe deal" ("Depedäki agşam");
- O, ramii" ("Haýyşym, gal!");
- Epigonii" ("Epigon");
- Scrisoarea" ("Hatlar");
- Şi daca" (Eğer, ýa-da ýagny näme!...);
- Oda (in metru antic)" (Antik äheñli oda);
- Mai am un singur dor" ("Ýene bir dilegim bar").

Rumyn medeniýetindäki orny

Eminesku rumynlar üçin ornuny çalyşyp bolmajak beýik gymmatlykdyr. Aýdymlarda, edebi eserlerde onuñ ady tutulmaýany ýok diýen ýaly. Hatda bir aýdymda rumyn halkynyñ özüne mahsus milli gymmatlyklaryndan daşlaşan ýagdaýynda Emineskunyñ özlerinden hasap sorajakdygy aýdylýar: "Eminescu sa ne judece!" (Eminesku bizi soraga çekjek!)
Diñe şunuñ özi hem Emineskunyñ rumyn halkynyñ añynda nähili ornunyñ bardygyny aýdyñ görkezýän bolsa gerek. Türkmenlerde bu derejede sylanýan diñe Magtymguly bar, dünýäniñ başga hiç bir ýerinde şahyryny şeýle belent derejä göteren ýokdur. Eýse biz bu gün daşlaşyp barýan milli gymmatlyklarymyz üçin Magtymguly atamyzyñ beýik ruhunyñ öñünde utanç duýgusyny göterýärmikäk?!..

* * *

Ýüzlerçe gäminiñ arasyndan
erkin terjime

Ýüzlerçe gäminiñ arasyndan,
Porty taşlanlañ näçesi
Gomlarda, tupanlarda
Ýitip ýok bolup giderkä?!.

Ýer ýüzünden
Göç eden guçlaryñ
Gaýlarda, şemallarda
Näçesi boglup ölerkä?!.

Halasañ, git bagtyñ yzyndan
Halasañ beýik maksatlañ.
Harasatlar, tupanlar
Hiç haçan yzyñdan galmaz...
 
Manysy añyñda ýaşar,
Ganaty gyrkylan aýdymlañ
Ýañyny süññünde saklar,
Gaýlaryñ, tupanlaryñ...

* * *

Taýýarlan Gözel Muhammedowa.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir