Forbes žurnalyň hasaplamasyna görä Amansio Ortega 9-njy sentýabrda dünýäde iň baý adam adyna eýe boldy.
Moda industriýasynda iň iri kompaniýalaryň biri, Inditex (oňa degişli brendler: Zara, Masimmi Duti, Pul & Bear, Stadivarius, Bershka, Oysho, Uturque we Lefties) kompaniýasyny esaslandyryjysynyň baýlygy 78 mlrd $ geçdi, Bill Geýtsden 100 mln $ köp boldy. Ýöne, dogrusy olaryň baýlygy, eýeleýän kompaniýalaryň aksiýalarynyň bahasy esasynda üýtgäp dur. Amansio Ortega sanawda 1-nji bolup durmagy bary ýogy iki günjük başartdy, şonda-da ol eýýäm Forbes sanawda 3-nji gezek 1-nji ýeri eýeleýär, onuň esaslandyran kompaniýasy bolsa öz pudagynda gürrüňsiz lider. 40 ýyl mundan öň demirýolçy bilen hyzmatkär aýalyň ogly tarapyndan esaslandyrylan kompaniýa dünýä ýüzünde ýaýrady. Amansio Ortegaň "tiz moda" diýen konsepsiýasy (ideýasy, pikiri) köne moda öýleriň näçe wagtlyk biznes strategiýalaryny üýtgetmäge mejbur edýär.
Namysjaň çaga
Amansio Ortega 1936-njy ýylyň mart aýynda Ispaniýanyň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýän Busdongo-De-Arbas atly ilaty 60 adamly kiçi obajykda eneden boldy. Ol dört çagaly maşgalada körpedi. "Kakamyň aýlygy 300 pesetdi (häzirki kursda 2 €), ol wagtlar ol pullar kändi diýmäň. Maşgalada iki uly oglan Antoni, Pepita, aýal doganym hem-de kiçileri men bardym, kakamyň aýlygy aýyň soňuna çenli ýetmän gutarýady" , - diýip Amansio Ortega öz ýakyn jorasy, "Zara fenomeni" atly biografiýasynyň awtory Kowadonge O' Şi bilen öz ýatlamalaryny paýlaşýar.
Amansio ýaňy entek 13 ýaşyndaka işläp başlaýar. Ir işe başlamagyna Amansioň aýtmagyna görä, çagaka bir waka itergi berýär:
"Ejem bilen dükana gidipdim, satyjyň ejeme diýen zady häzirem ýadymdan çykanok, "Hosefa, men ýaman gynanýan, ýöne saňa indi karzyna haryt berip biljek däl" diýipdi. Men gulaklaryma ynanyp bilmändim", - diýip gürrüň berýär.
O'şiň aýtmagyna görä, Amansioda çagalykdan bäri namysjaňlyk duýgusy ýitidi, adalatsyzlygy özüne ýakyn kabul eden eken.
Kompaniýanyň döreýşi
1975-nji ýylda Amansio özüniň ilkinji dükanyny açdy. Ol başda dükanyna "Zorba" ady bermekçidi, emma ol ada rugsatnama alyp bilmän adyny üýtgetmeli boldy, ol at bolsa dünýä ýüzüne belli "Zara" adydyr. Zara brendi ady belli bolany üçin kän bir reklama çykdaýjy edenok, netijede Zara beýleki konkurentlerine görä girdejisi has uly.
Deňeşdirmek üçin:
H&M arassa peýdasy 2.5 mlrd $, GAP 920 mln $, Inditex (Zara) bolsa 3.2 mlrd $ bolup durýar.
2001-nji ýylda Inditex Madridiň fond biržasynda IPO çykýar. Kompaniýaň bahasy 9.7 mlrd $ deň bolýar. Şol wagtdan bäri kompaniýaň bahasy yzygiderli ösüp, 2016-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda kompaniýaň bahasy 111.5 mlrd $ deň boldy.
Forbes žurnalyň maglumatyna göra Amansio Ortega 2009-2014 nji ýyllar aralygyndan 45 mlrd $ gazanmagy başartdy.
Amansio häzir 80 ýaşynda, ýaşyna garamazdan ol häzirem kompaniýaň işine işjeň gatnaşýar. Bloomberg žurnalyň aýtmagyna göra Inditex kompaniýaň 59.3% aksiýalary Amansio Ortegaň elinde.
Häzirki wagtda dünýade 88 ýurtda, 2100 sany Zara dükanlary bar. Bu bolsa Inditex kompaniýasy oz pudagynda gürrüňsiz liderdigini aňladýar.
Çeşme: RBK žurnaly
Terjime eden: Phenomen