Ýurdumyzyň döwrebap ylym we bilim ulgamy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik güýjüniň binýadyna deňelýär. Her ýylyň 1-nji sentýabrynda milli baýramlarymyzyň senenamasy boýunça ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabaralara beslenip, ýokary ruhubelentlikde bellenip geçilýär. Şol gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň binalarynyň açylyş dabaralary geçirilýär. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ylym we bilim ulgamynyň binýadynyň has-da pugtalanýandygyna, usulyýet we maddy enjamlaýyn esasynyň döwrebaplaşýandygyna, şeýle hem ýurdumyzyň ýaş nesliniň okuw şertleriniň kämilleşýändigine şaýatlyk edýär.
Biziň Berkarar döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Bagtyýar döwrümiziň her bir güni taryhy hem-de şatlykly günlere beslenýär. Ine ýakynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlaryň güni uly şowhun bilen giňden bellenip geçiler. Ýurdumyzyň ähli künjegindäki bilim edaralarynda ilkinji jaňlar kakylar, Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylyna, hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlikli içeri we daşary syýasatynyň ähmiýetine bagyşlanan ilkinji watançylyk sapaklary geçiriler.
Bu ugurda uly ösüşleri gazanmakda, geljegimiz bolan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermekde mugallymlaryň, bilim işgärleriniň döredijilikli zähmeti örän uly orun eýeleýär.
Goý, bu ajaýyp baýramyň göwün galkyndyryjy dabaralary, halkymyzyň buýsanjyny joşdurýan şanly seneleriň biri hökmünde kalplarda orun alsyn.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir