Owadandan owadan gyzlar gördüm dünýäde,
Emma seniň ýüzüň dek nurly ýüzi görmedim.
Owadandan owadan gözler gördüm dünýäde,
Emma seniň gözleriň dek nurly gözi görmedim,
Emma senden hem garyp harly gyzy görmedim.
Ýörişiň messan-messan,
Her bakyşyň bir dessan.
Seni dünýä bagş eden
Gözel ülke Hindistan.
Seniň röwşen gözleriň gözlerimde saklansyn,
"Gara saňa aşyk!" diýip, goý çaklansa çaklansyn.
Garyplyk gaýyp bolýar gara gözüň görende,
Çit köýnekde tawus dek görünýärdiň, garyp gyz.
Şeýle çekdi şekiliň Gara özüň görende.
Durduň çaga laçyn dek gözlerime garap, gyz,
Hindistanyň şemaly zülpleriňi darap, gyz.
Ýörişiň messan-messan,
Her bakyşyň bir dessan.
Seni dünýä bagş eden
Gözel ülke Hindistan.
Seniň röwşen gözleriň gözlerimde saklansyn,
"Gara saňa aşyk!" diýip, goý çaklansa, çaklansyn.
Gara Seyitliyew