Geldi Bäşiýewiñ Nury Halmämmedow bilen döredijilikli hyzmatdaşlygynyñ ýene-de bir miwesi «Gahrymanlar hakynda balladadyr». Balladany Türkmenistanyñ sungatda at gazanan işgäri Saparmyrat Babaýew zarynlap ýaňlandyrypdy.
Näçe gül ýüz ýigitler,
Ar üçin baş goýdular.
Baýdak ýaly gelinleri,
Gujagyn boş goýdular...
Kalbymyzda ýaşaýar,
Dolanmadyk gerçekler.
Ýada salyñ, baş egiñ,
İndi dünýä injekler.
Nägehan uruş zerarly oglundan jyda düşen mährem enäniñ, ýaryny ýitiren baýdak boýly gelniñ ahy-nalasyny beýan edýän bu eser Geldi Bäşiýew bilen Nury Halmämmedowyñ aýdymlarynyñ merjen dänelerinin biridir.
«Goşgy çeper bolanda saz döretmegem, aýdym aýtmagam kyn bolanok. Muny Geldi Bäşi ýazypdyr. Özi dagly ýigit bolansoň «Mekany daglar» diýip at beripdir. Geldi janyñ ýazan goşgularyna saz döretmek, äheñini-labyzyny tapyp, aýdym aýtmak, özüme-de lezzet berýär».
Bu sözler bagşylar başy Sahy Jepbarowa degişli. Sahy halypa Geldi Bäşiýewiñ sözlerine şeýle hem «Näzleriňden», «Daglar», «Perzendi men», «Maralym», «Ak ýüzli Maralym meniñ» ýaly aýdymlary ýazdy.
Her ýerde waspyñ sözlener,
El degse, zülpüñ çözlener.
Asmandaky aý gizlener,
Seniñ ap-ak ýüzleriňden.
Ýañaklaryñ gül bolupdyr,
Lebiñ datly bal bolupdyr,
Bagda bibil lal bolupdyr,
Şirin-şeker dilleriñden..
* * *
Guçanda zemini baharyñ pasly,
Çeşmeler çyrpynşyp, joşarlar çasly.
Açylar läleler, jennetdir misli,
Aşyklaryñ nama okany daglar...
Şygyr zergäriniñ aýdyñ, ýönekeýlik bilen sünnäläp ýazan bu şahyrana setirleri bagşylaryñ dilinden düşmeýär. Sahy aganyñ ýerine ýetirmegindäki bu aýdymlar halypanyñ ussatlyk nusgalary hökmünde türkmen radiosynyñ altyn-saz fondunda saklanýar.
Türkmenistanyn halk artisti Ata Ablyýew Geldi Bäşiýewin sözlerine «Ýañlananda Mylly aganyñ dutary», «Uz eýlär», «Käkilik» diýen ilhalar aýdymlary döretdi.
Silkinjiräp kümüş perin daranda,
Aýak çekmez ýorgalanda, ýörände,
Höwründen azaşyp, zaryn saýranda,
Söygüliñi ýada salar käkilik.
Türkmenistanyñ halk bagşysy Oraznepes Döwletnazarow tarapyndan ile ýetirilen bu aýdym şahyryñ ýiti synçylygyna güwä geçýär.
Ata halypa Geldi Bäşiyewiñ käkiligi taryplaýşynyñ üýtgeşikdigini, diýseñ owadan dag jandaryna şeýle belet bolup, ony şeýle çeper suratlandyrmagy her ýeteniñ başarmajakdygyny nygtaýardy. Bu aýdymy aýtmaýan bagşy ýok diýen ýalydyr. Ony dürli saz gurallarynyñ gapdalynda-da aýdyarlar. Munuñ özi onuñ sözüniñ hem, sazynyñ hem şowly çykandygyndan nyşan. Aýdymyñ jüpüne düşendiginin alamaty.
Geldi Bäşiýewiñ goşgularyna iñ köp aýdym döreden mukamçy kompozitor bolsa Türkmenistanyñ halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyñ eýesi Akmyrat Çaryýewdir. Geldi Bäşiýew bilen Akmyrat Çaryýewiñ döredijilikli hyzmatdaşlygy netijesinde birgiden aýdymlar kerweni emele geldi. İne, olaryň doly bolmadyk sanawy: «Çynarym», «Gyzlar», «Dag jerenleri», «Dutarym», «Türkmenistan Watanym», «Çeşmeler», «Gaýalar», «Daglara bar», «Seýle gelseñ bu daglara», «Bedewler...».
Bu aýdymlary bagşylar Nurýagdy Baýramow, Oraznepes Döwletnazarow, Parahat Şyhymow, Tawus Annamyradowa ürç edip aýdýarlar.
Bu ne gudrat, gara dagyñ gatyndan,
Daşy ýaryp, gaýnap çykar çeşmeler.
Kesmer-kesmer gaýalardan inende,
Dag ýañagyñ ogşap akar çeşmeler...
* * *
Başy belent, ala garly daglarda,
Gezer agaýana dag jerenleri.
Gara daşdan çogan bal bulaklardan,
Süzer gana-gana dag jerenleri...
* * *
Ne ajap ýañlanýar Pürli agañ pendi,
Senedin har saklan baýnamaz şindi,
Hansähet ussanyñ ussat perzendi,
Jepbar bilen baga giren dutarym...
****
Külli türkmenleriñ uçar ganaty,
Aslyny Ahaldan alan bedewler.
Üstüne müneniñ päli-niýeti,
Ýgşymy-ýamanmy, bilen bedewler...
Aýdyma öwrülen şeýle setirleri näçe getirseñ getirip oturmaly!
Biz Akmyrat Çaryýewden:
—Siz beýleki şahyrlaryñ sözlerine hem ençeme şowly çykan aýdymlary döretdiñiz, ýöne şahyr Geldi Bäşiýew bilen döredijilik aragatnaşygyñyz has ysnyşykly bolupdy. Munun syry nämede? — diýip soranymyzda, ol şeýle jogap berdi:
— Munuñ syry Geldi Bäşiýewiñ şygyrlarynyñ özboluşlulygynda, akgynlylygynda, baryp ýatan milliliginde, olaryñ keremli daglarymyz, uçar ganatly bedewlerimiz, gazma dutarymyz... baradalygynda. Şonuñ üçin ol goşgular maýyl edip, ylhamyny joşdurýar, edil aýdyma hiñlenen ýaly hiñlenibermeli. Meniñ aýdym döredijiligime Geldi şahyryñ zergärlerçe döreden şygyrlary aýgytly täsir etdi.
Geldi Bäşiýewiñ şygyrlary Türkmenistanyñ halk artisti, halypa kompozitor Aman Agajykowyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky döredijiliginde uly orun tutýar. Bu iki ussat Garaşsyzlyk eyýamynyñ, gülgüzar Watanymyzyñ, onuñ erkana we zähmetsöyer halkynyñ waspyny ýetiryän aýdymlar toplumyny bilelikde ýazdylar. Ol aýdymlar «Arzuw» ady bilen özbaşyna ýygyndy edilip çykaryldy. Bu ýygynda girizilen «Watan», «Garaşsyzlyk odasy», «Diýarymyñ esgerleri», «Gurluşykçynyñ aýdymy», «Bahar gülleri», «Ekiz dagym», «Gül ýüzüñe bakaýyn» ýaly eserler Geldi Bäşiyewiñ we Aman Agajykowyñ döredijilik örüsiniñ giñliginden habar berýär. Özüniñ manyly ömrüniñ soñky ýyllarynda Geldi Bäşiýew aýdym-saz sungatymyzyñ saýlama wekilleri Sary bagşy, Magtymguly Garly, Mylly Täçmyrat, Pürli Sary, Sahy Jepbar, Jepbar Hansähet, Çary Täçmämmet, Annageldi Jülge, Ata Ably, Nurberdi Gul, Hommat Jelil, Orazgeldi Ylýas, Ödenýyaz Nobat, Nury Halmämmet, Annaberdi Atdan barada goşgular toplumyny döretdi. Bu goşgular şahyryñ beýleki goşgulary bilen bilelikde, onuñ bize ýadygärlik galdyran «Çynarym» kitabyna girizildi.
Geldi Bäşiýewiñ şygyrlar diwany mähriban topragymyza, il-günümize bolan mähir-muhabbetden doly:
Säher turup, şükür etsem Hudaýa,
Aman-esen ýatyp turanyñ üçin!
Dogup gelýän güni ýüzüñe sylgyn,
Şu jahanda ýaşap ýöreniñ üçin.
İr säherde nur ýagarmyş asmandan,
Ýuw ýüzüñi! Ýüzüñ nury solmasyn!
Ata-baba şu mukaddes toprakdan,
Ykbal bizi hergiz aýra salmasyn!
Ykbal bizi şahyrdan aýra salsa-da, onuñ döwletli maşgalasynyñ bardygy ýüreklerimize teselli berýär. Geldi Bäşiýew Ogulabat gelnejemiz bilen, tüweleme, on çagany terbiýeläp ýetişdirdi. Onuñ gyzy Mähri «Çar tarapdan» radio ýaýlymynda işläp, şöhrat gazanan kakasynyñ asylly kärini mynasyp dowm etdirýär.
Ilmyrat Mämedow.
Mugallymlar gazetı 1.11.2008