1)Ýagyş herkimiň üstine ýagar.

2) Günäňi bagyşlamakdan lezzet alýanyňy bilýän bolsalardy. saňa ýaranmak üçin ýakynlaryň günä iş ederdiler.

3)Ömrüň soňuna çenli eşege münmekdenä, bir ýyl ata münmek gowydyr.

4) Bir gezek öýlenmek zerur işdir, ikinji gezek öýlenmek wagt geçirmekdir, üçinji gezek öýlenmek dälilikdir.

5) Zenanyň gözi öýi arassalar.

6) Ýerime geçip ýatan wagtym aladalarymy eşiklerimde goýýaryn.

7)Kitaplar kerlere seslenen dilsiz doslardyr.

8) Iň uly gorkyň öz ýalanlaryňdyr.

9) Maňa kemçilikleriňi aýt, özüňkileri bolsa düzet

10)Sowatsyzlaryň ýeke ýolbaşylyk hereketleri kakasyndan görenidir.

11)Ynsan her tejribäni ýaşar ýaly görer ýaly uzak ýaşamaz.

12)Ynsanyň guýysy guramasa, suwyny göresi gelmez.

13)Eje-Kakalaryň çagalaryna berip biljek iň gymmatly sowgady, günlerinden epesli wagtdyr.

14) Gerek bolan zady etmek iň aňsat çözgütdir.

15) Durmuş serhoş bolan ýalydyr. Lezzet gider kella agyry galar.

16)Gorky bilen geçen durmuş ýarym ýaşalam durmuşdur.

17) Bir zenana etmeli däl zatlary aýtmak oňa nämeler edip biljegini görkezmekdir.

18) Sabrly adam bir iňňe bilen guýy gazar

19) Ata gedemlik edip münen öýine ýöräp geler.

20)Giç bolany hiç bolmanyndan gowydyr.

Terjime eden: Annagurban Annagurbanow.

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir