Sanlyja ýyllarda kämil enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman bilim ojaklarynyň köp sanlysy gurlup, ulanmaga berildi. Ozaldan bar bolan mekdepleriň durkuny düýpli täzelemek, olary täzeden enjamlaşdyrmak işleri hem üstünlikli dowam edýär. Şeýle üns-alada okuw-terbiýeçilik işlerini netijeli ýola goýmaga giň mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konferensiýasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, köptaraply çäreler ýaýbaňlandyrylýar.
Bilim işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak meselesi hemişe ileri tutulýar we bu babatda netijeli işler alnyp barylýar. Olaryň gatnaşmaklarynda usuly-amaly okuwlar geçirilip durulýar. Şeýle çäreleriň ahyrky maksady bolsa, orta mekdeplerde okuwçylara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmagy gazanmak bolup durýar. Mekdep okuwçylarynyň dürli derejelerdäki ders, taslama we halkara bäsleşiklerinde şowly çykyşlary munuň aýdyň mysaly.
Ýurdumyzyň mekdeplerinde bilim alýan zehinli çagalaryň halkara derejesinde geçirilýän dürli dersler boýunça bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, ýokary netije görkezýändiklerini görmek bolýar. Muňa mysal bolup, şu ýylyň aprel aýynda Malaýziýada geçirilen “MIÝIO-2018” atly Malaýziýa halkara ýaş oýlap tapyjylaryň, şeýle-de Gazagystan Respublikasynda geçirilen “INFORMATRIХ-2018 Aziýa Paсifiс” atly halkara taslama bäsleşiklerinde, şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplarymyzyň maý aýynyň 18-20-si aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Ýundola şäherinde Açyk halkara matemetika olimpiadasyna gatnaşyp mynasyp orunlara eýe boldular. Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplary şu okuw ýylynyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde, Rumyniýada, Polşada, Ysraýylda, Bolgariýada, Serbiýa respublikasynyň Belgrad şäherinde geçirilen ýaş matematikleriň bäsleşişiklerinde, halkara olimpiýadalarda we ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular. Şu ýylyň aprel aýynyň 23-29-y aralygynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde 52-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasy geçirildi. Bu abraýly halkara bäsleşikde ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan saýlanan topar gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şeýle-de şu ýylyň maý aýynyň 21-27-si aralygynda Hindistan Respublikasynyň Deli şäherinde bilogiýa, himiýa, fizika, matematika dersleri boýunça 7-nji Halkara «Amity» olimpiadasy geçirildi. Halkara bäsleşige ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 20-sinden düzülen topar gatnaşdy. Olardan 8 sanysy altyn medala, galan okuwçylar kümüş, bürünç medallara we baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir