Maña söýýân diýme janym
Duýaýyn señ gözleriñden
Bagyşlasañ bahar ýazyñ
Gyşyñ özgâ dözmerin men
Maña söýýân diýme janym
Gizle ony gursagyñda
Bagş et maña yşgyñ jamyn
Gaýnap dursun gursagymda
Hakdan gelen pâk sòýgini
Gorap başar il gözinden
Duýaýyn gizlin duýgyñy
Her halyñdan her söziñden
Beýle kân nâz etme janym
Saña sadalyk ýaraşýar
Ýör gideli mâhribanym
Bagt ýoly bize garaşýar
"Seni çensiz söýýârin men "
Diýip düýşde güýme janym
Aýtmasañam bilýârin men
Maña söýýân diýme janym
Amannazarow Gerceknazar.
garayolly68 6 years ago- Aşyk öz söýgilisiniň muhabbetine laýyk ynam bilen garaýar we özüne bolan yhlasyny gözden-dilden goramagy sargaýar