Düýn, 21:18
《Kabul edilmedik söýgi》
《 Durmyşdan alynan 》
《Bolan waka》
Men öz ýanymdan Aýşagülden soňra başga gyzy söýmerin diýýädim näme güýziň ajaýyp günleri hem köp zadt ýatlatýara. Öz işlerime gümra bolup ýörün ýatdan çykarmak maňa aňsat düşenokdy üste üstine güýziň howasy hasam ýüregimi lerzana getirýädi
Ençe ençe arzuwlarym köýdiren
Aýagymdan badak atan durmuş sen
Söýgüm alyp öňüňde dyz çökdiren
Zalymlygyň öňün çeken durmuş sen
Elbetde her bir işde haýyr bardyr belki gowlyk bolsunda. Gullygy dynyp işe ýerleşdim. Işe gitýän işden gelemsoň dostlarymyň ýanyna çykaýmam bardy. Indi oňa da höwes ýokdy köp zatdan sowaşypdym. Kä wagt telewizora seredäýmesem oňa da kän bir ünsim ýokdy.Günler yzly yzyna aýlanyp durdy.Birgünem Maksat dosdum ýör birýerlerik gezelenje gideli diýdi meniň höwesim ýokdy bolmasada Maksadyň göwnüni ýykmaýyn diýip bolýa gideli diýip gezelenje çykdyk. Soňra ýolda Maksat meniň el telefonymdan jaň edäýin diýdip sorady men bolsa el telefonymy berdim. Öýe geldik o gün ýatdym irräkden ertesi işe gitmeli bolansoň. Ertesi işdekäm bir nätänyş belgiden el telefonyma jaň geldi
---Alo Salam
---Salam
---Düýün jaň edipsiňiz welin tanamadym sizi
---Bilemokda menem bu belgini tanamok
---Bolýa onda ýalňyş düşülendir diýip goýduk telefony. Birsalymdan telefony görsem düýün Maksadyň jaň eden belgisi eken. Men yzyna jaň edip bolşi ýaly edip aýtdym Maksadyň jaň edenini ol gyz bolsa Maksadyň krusdaşy eken, men ol gyzyň telefon belgisini belläp goýdum ertir Maksadyň ýanyna baramda görkezer ýaly hem aýdaryn diýip. Soňra ýaňky belgi meniň internet sahypamdan çykdy. Soňra bir gün işdekäm men ol gyza Salam edeýin hem-de Gurban baýramyny gutlaryn diýmek üçin ýazdym. Ol hem şo wagt ýatmandyr bahym jogap berdi.Biz ikimiz epesli wagt ýazyşdyk. Wagt giç boldy men Merjene ýatjakmy diýip soradam ol hem ukysynyň ýokdygyny aýtdy şeýdip has hem ýakyndan tanyşdyk. Ertesi gün hem Gurban baýramy başlaýan günüdi. Ertesi oglanlar bilen gezelenje çykypdym aýlansamam hiç keýpim ýokdy. Agşam ara öýe gelip internet sahypama girip görsem Merjen ýazypdyr maňa men hem derrew jogap berdim şol gün hem epesli wagt ýazyşdyk. Men soňra Merjene telefonda gürleşip bilýämidigini soradym ol hem garşy bolmady. Birdalym gürleşdik telefonda Merjen bilen biziň ýaşaýan ýerimiz o diýem uzagam däldi. Her gün diýen ýaly men Merjen bilen ýazyşdyk hem arasynda da gürleşýädik. Maňa Merjen has hem ýarap başlapdy. Epesli wagt şeýle aramyz gowydy soňra bir gün men Merjene.
Soňra bir gün men Merjene
Arzymy aýdaýyn Merjen gyz saña
Gara gözleñ bilen söýdürdiñ meni
Ýürek doly aýtjak sözlerim saña
Aýtmankam bagladyñ özüñe meni.
Gijelerne görküñ aý ýüzün ýapar
Aý uýalyp senden janyny ýakar
Gündizler nurly gün gaşyny kakar
Aşyklygyn aýdyp dil açar saña.
Bu dünýe bir ýana, senem bir ýana
Dünýäñ ýüzi ýetmez seniñ bahaña
Indi sen deý gelmez ýagty jahana
Bir dilegim nazar degmesin saña.
Seň üçin gursagym arzuwdan doly
Aýdyp bilmäm galdym wagty däl häli
Başga waspyň ýazan barmy meň ýaly
Bar bolsa bagyşla diýeýin saňa
Şeýle setirleri ugratdym birsalymdan soň jogap geldi
---Sagbol Kasym goşgyňa begendim diýdi. Merjen bilen her gün diýen ýaly ýazyşyp gürleşýädik biri birimize öwrenşipdik hat-da biri birimize jaň edenimizde işli bolup alyp bilmesek gaharlanýadyk. Bir gün hem men ony gezelenje çykalymy diýip soradym. Ol hem garşy bolmady. Agşamara bolansoň daşaryk gezelenje çykdym. Merjenleriň ýanyna bardym jaň etsem häzir barýan diýdi az salymdan geldi.Ikimiz gürleşip epesli gezelenç etdik soňra Merjen wagtyň giç bolanyny gaýtmalydygyny aýtdy men Merjene sorag berdim
---Merjen seniň halaşýan ýigidiň göwün bereniň barmy diýip soradym
---Ýok Kasym näme boldy
---Ýokla ýöne sorasym geldide soraýdym
---Hä bolýa
soňra Merjen öýüne ugradyp men bolsa öýe tarap ýöräp gaýtdym ýol boýy pikire çümüp gelýädim Merjenim gürleýşi şeýle mylaýymdy ýuwaşdy özü hem öýe gelip Merjen bilen az salym ýazyşdyk soňra maňa ýatjakdygyny aýtdy we sagbollaşdyk. Men birsalym daşaryk çykdym öz ýanymdan pikir etdim. Men Aýşagülü söýýädim ýönee ol indi ýok menden gitdi ahyryn, öz ýanymdan Aýşagüle ikilik etýän ýalydym ýöne bir tarabam ol menden gidipdä, men hem durmuş gurmaly ahyryn ömrümiň soňyna çenli Aýşagülüň gelmegine garaşyp bilmerinä garaşaryn geljegini bilsem ýöne ol hiç gelmez şo gün agşam şeýdip içimi gürledip geçdim. Ertir Merjene hemme zady aýtmagy ýüregime düwdim aýtmasam ýüregim rahatlyk tapmazdy. Ertesi irden turup Merjene Salam diýip ýazdym ol hem birdalymdan soň salam diýip jogap berdi. Men oňa şu gün görüşüp bilerdmi diýip soradym ol hem sebäbini sorady men gürüüňimiň bardygyny aýtdym. Merjen hem razy boldy Agşam ara şo öňki ýere bararyn diýdim Merjenleriň golaýynda gezelenç edilýän seýil bagy bardy biz hem şotaýda gezelenç edýädik otyrýadyk. Ine agşamara boldy men şo seýil bagyna baryp merjene gelenligimi aýtdym ol hem uzak eglenmän geldi
---Salam Merjen
---Salam Kasym gowmy näme boldy eýgilikmi
---Howwa Merjen gowy eýgilikle
---Howwa Kasym aýdyber diňleýän. Men Merjene söýen gyzymyň bardygyny we ony söýendigimi we sebäp bolum aýra düşenimizi hemme zady aýdyp berdim we Merjene
---Merjen şu zatlary saňa aýtmagymyň sebäbi ýüregim ynç almady aýtmasam şo sebäbli hem aýtdym. Merjen bolsa maňa
---Kasym menem saňa aýtjak zatlarym bar diýdi
---Aýt Merjen diňleýän
---Kasym menem birini söýdüm epesli wagt gürleşdim soňra biderek bahana üçin aýra düşdik
dogry men ol oglany söýdüm ýöne ol meni söýdümi söýmedimi bilemok men Merjenden näme bahana bolanyny soradym. Olarym Maşgalasy diňe öz garyndaşaryndan gyz alýalar eken ýat ýerden gyz alanokmyşlar. Men näme diýjegimi bilmän bähbit bolsun ýazylan däldir diýdim. Soňra Men Merjene gowy görýänimi aýtdym Merjen maňa
---Kasym sen meni söýme diýdi. Men bu sözleri eşidip birhili boldum
---Näme üçin Merjen beýle diýdiň
---Seňem ýüregiň söýgüden ýaralanan meňem ikimiz bir birimizi bagtly edip bilmeris meniň entäk om ýadymdanam çykanok senem şeýlesiň. Herimiz aýry aýry adamy ýatlap bir birimzi söýüp bilmeris. Men näme diýjegimi bilmedim. Men merjene
---Merjen men seniň üçin ähli şertiňe kaýyl seni orta ýolda goýman diýsem
---Kasym özüň pikir et ikimi Söwuşen wagtymyz ýa da gaty görüşem ýagdaýmyzda sen maňa menem saňa ilki söýgümiz ýaly sözleri aýdyp bilmeris ilki söýgümiz ýaly duýgy bolmaz ikimizde de men seni bagtly edip bilmerin seni gowy göremsoň aýtýan şu sözleri eşidip bar halym gaçypdy. Men näme diýsemem Merjen diňe şol sözüni aýtjakdy sebäbi onyň gözlerinde diňe hakykat bardy. Ilki söýenim menden gitdi. Ikinji halanymam sözüm kabul etmedi
《Bile bolaly》
Oglan
Saňa gözüm düşüp aşyk boldum men
Gel ikimiz mydam bile bolaly
Erkimi alyp meniň elimden sen
Gel ikimiz mydam bile bolaly
Gyz
Birin söýdüm seni söýüp bilmerin
Diri ýandym indi ýana bilmerin
Seni men bagtly ede bilmerin
Şoň üçin ikimiz bile bolmaly
Oglan
Seň üçin taýyn men bermäne janym
Ezizläp söýerin meni seni aýym
Bu Bagtyň ýolynda bolaýda taýym
Gel ikimiz mydam bile bolaly
Gyz
Aý oglan düşünäý dä meniň halyma
Ýene ýanaýynmy söýgü oduna
Söýüp bilmez ýüregim bu halyna
Şoň üçin ikimiz bile bolmaly
Oglan
Eliňi ber bagtly ederin seni
Alaçsyz goýmagyn gözel ýar meni
Ýa-da güldür sen ýa da öldür meni
Ýalbarýan ikimiz bile bolaly
Gyz
Görme gaty berip bilmen elimi
Alaçsyz galma diňle sen sözümi
Nesip taparsyň özüň deý söýeni
Ýöne biz ikimiz bile bolmaly
Şeýle sözlerden soň ýuwaş ýuwaşdan Merjen bilen aramyz açyldy sebäbi men näme ýalbarsamam boljak däldi
Allahym bu neneň synag bollygy
Hiç maňa gülüp bakmady Ykbalym
Şumyka durmuşyň ýazan synagy
Hiç ýüzümi güllürmediň Ykbalym
Belki Allajan indi ýolymy açyk etsin
Bellik:Bile bolaly goşgy oglan bilen gyzyň sözleşen sözlerini goşga geçirildi.
Soňy
Awtory:Annagurban Annagurbanow