《Göresim gelýä》
Niçeler jan etdim, Ýatdan çykmadyň
Mähribanym seni göresim gelýä
Gözümde ýaşym bar elde suratyň
Eziz ýarym seni göresim gelýä
Şeýdip gutardymy biziň söýgümiz
Birleşmezmi indi biziň ýolymyz
Şeýle ýazyldymy bu ykbalymyz
Gözüm ýaşly seni göresim gelýä
Dyza çöküp ýalbarsamda gelmezmiň
Gara gözleň bilen nazar salmazmyň
Rugsat ber göreýin sözüm almazmyň
Mähribanym şeýle göresim gelýä
Şol günden soň dolanmady gelmedi
Aglap aglap gözümde ýaş galmady
Arzuw etdim arzuwlarym bolmady
Şonda da ezizim göresim Gelýä
©Annagurban Annagurbanow
Göresim gelýär
-
AGGA
6 years ago
- Durlu-durli temalarda yazylan goshgydyr shygyra garashyas axli shaxyrlardan xem
garayolly68 6 years ago- Gowy shygyr