Gara ýolly ( Şyhmyrat Abdyllaýew):
Joýanyñ çetine çyzyk çekiler,
Tohum taşlap hatar-hatar ekiler,
Boý ýetirse guwanç bilen bakylar,
Şahyr, bu ekine näme diýiler?
Daýhan ýigit ( Mustapa Welläýew):
Joýanyñ çetine çyzyk çekilen,
Tohum oklap hatar edip, ekilen,
Boýy ýetse guwanç bilen bakylan,
Agam, bu ekine mekge diýerler.
Gara ýolly:
Reñki, dänesi tüpeñ seçmesi,
Gyşyñ naharydyr, agyr bişmesi,
Öte bişse ýeňil ýere düşmesi,
Şahyr, şu ekine näme diýerler?
Daýhan ýigit:
Reňki ýaşyl bolar, dänesi düwür,
Naharda bişmese dişiñi döwer,
Gabagy gurasa her kim tiz ýygar,
Agam, şu ekiniňe mäş diýerler.
Gara ýolly:
Miweleri bolar toprak astynda,
Baldagy ýapragy ýeriñ üstünde,
Artykmaç suw bolar onuñ kastynda,
Şahyr, şu ekine näme diýerler?
Daýhan ýigit:
Miwesi togalak toprak astynda,
Ýaşyl baldaklary ýeriñ üstünde,
Artykmaç suw bolsa onuñ kastynda,
Agam, muña ýer almasy diýerler.
Gara ýolly:
Daşdan görseñ ýaldyr-ýuldur" diýleni,
Ýanna barsañ gulpy kendir" diýleni,
Kelle ýalaňaçlap joşup iýmeli,
Şahyr, şu ekine näme diýerler?
Daýhan ýigit:
Ýaldyr-ýuldur bolsa daşyndan görseñ,
Gulpy aňsat sypar bişenni ýolsañ,
Lezzeti aýrydyr dilimläp iýseñ,
Agam, şu ekine garpyz diýerler.
Gara ýolly:
Girip ugran çagy güýzüñ çetinden,
Daşyn bezäp başlar arap hatyndan,
Baş aýlanar tagamyndan-dadyndan,
Şahyr, şu ekine näme diýerler?
Daýhan ýigit:
Güýz paslynda asla onyñ taýy ýok,
Gyşda kak, sökünden göwnejaýy ýok,
Süýjülige bu nygmatdan baýy ýok,
Agam, şu ekine gawun diýerler.
GaRPaMyJaK92 6 years ago- Salam Gurban dos barmyñ sen