Aldandyñ ezizim, ýalñyşdyñ çensiz,
Ýöne soñra biljegiñi unutma!
Saña durmuş juda kyn düşer mensiz,
Günleñ agyr geljegini unutma!
Mejnunyñ Leýlini söýşünden zyýat
Söýüpdim men seni, wah, özüñ şaýat!..
Sen şeýle söýgini bilmediñ aýap,
Ahmyr bolup dömjegini unutma!
Hoş gal, gidýän ömür saña lak atman,
Gezjek borun oýlan diýip ýatlatman,
Emma...
Emma öpüşlermi ýatlap,
Dodaklañ lowlap-lowlap ýanjagyny unutma!
Ähdiñ, wepañ, gör, daşlaşyp señ bile,
Gaçyp barýar bir näbelli menzile.
Ýaşlyk arzuwlarñam gider meñ bile,
Bir boş göwrä dönjegiñi unutma!
Şat günleñde belkem biri gaşyña
Gonup, meni getirmez señ huşuña.
Kyn günleñde welin girip düýşüñe,
Ýalñyz hossar boljagymy unutma!
Hoş gal, peýda gelmez soñky belkemden,
Jan bilen girmedik çykarmyş tenden.
Bu ýüregem daş däl!
Sowap kem-kemden,
Ahyr bir gün sönjegini unutma!..