Men uzak döwürler garakçy boldum,
Şu ýolda taplandy akyl we ýürek.
Özümden dänenim bir özüm bildim,
Seň neden garakçy bolmagyň gerek?
Men ýapyk binada ýaşadym gorka,
Delalat diwarna dyrmaşdym uzak.
Sen neden bu dünýä bakýarsyň ürke,
Sen neden dowuldan gurunýaň duzak?
Ýalançy dünýäde gün görmek üçin,
Çümmedik ýalanym galmady myrtar.
Sen nämüçin hilegärlik edýärsiň,
Ýalançylyk seniň nämäňe derkar?
Çem gelene boljak boldum hoşamaý,
Aýak ýalap gezdim aç pişik ýaly.
Egildi bir zaman dik bolan başym,
Men saňa hiç rowa görmen bu haly.
Seret ata-babaň şöhrat-şanyna,
Ýalan şöhrat gözläp, gorpa ýykylma.
Men durmuş ýolunda boldum oýunjak,
Hemem betbagt boldum, sen beýle bolma.
Özbekçeden terjime eden Ýowşan Annagurbanow.