Bally husyt Jalay mollañ tamyna yakynlashanda,toweregine syn edip bashlady. Tamyñ dashynda gogerip oturan akbash-yandak, yylgyn-cetiler diwara degip durdy. Hatara ekilen alty duyp ak sowut bilen tamyñ aralygyndaky aymanchada seyregrak selme-syrkynlar gogerip otyrdy. Sowutlerden iki-uch adim ilerde kone celekden bejerilen cay ojaga sholaryñ arasy bilen barmalydy. Tamyñ saman suwaglarynyñ bolek-bolek bolup,gacan yerleri kopdi. Pechiñ morynyñ bir yan ceti gadilip durdy. Onda gushuñ howurtgesi gorunyardi. Yedi gozli aynanyñ dowulen iki gozune, zaññar ogul, enesiniñ oramagy bilen atasynyñ telpegini dykip goyupdyr. Dashgy gapynyñ eltutary ornunda Goyunly aganyñ kone uchgurynyñ bir bolegi sallanyp durdy. Ishigiñ gapdalyndaky ullakan bir duyp selmaniñ kolegesinde it yatyrdy. Dilini sallap, has-haslayan janawer kellesini gotermage yaranokdy.
---Itiñ-a bashyny gotermage yaranok, Jalay molla. Munuñ sanagly guni galypdyr.
---Ay,oña hic zat bolasy yok. ,,Tañryñ guni darydan kop,,diyipdirler.
---Bilmedim-da,Jalay molla,garny diwanañ horjuny yaly myssaryp yatyr.

Edebiýat, garayolly68 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir