Hususy habarçymyz Awaza Milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş we dynç alyş merkeziniň guramaçylyk we medeni köpçülik bölüminiň hünärmeni Jumageldiýewa Ogulgerek bilen söhbetdeş boldy.
Türkmenistanda adam barada edilýän alada ilkinji nobatda duryp, saglygy dikeltmek we berkitmek ýurdymyzyň saglyk syýasatynyň özenini düzýar. Awaza milli syýahatçylyk zolagynda adamyň saglygyny dikeltmek we bedenini berkitmek üçin giň mümkinçilikler bolup, dynç almak, wagtyňy gyzykly, şadyýan geçirmek üçin ähli döwrebap şertler döredilen. Häzirki wagtda Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýagny, Awazada 33 sany döwrebap myhmanhanalar ilata ýokary derejeli hyzmatlar edip, şolaryň 7 sanysy ulular we çagalar üçin niýetlenen sagaldyş we dynç alyş merkezleri bolup durýar. Ýurdumyzda ýaş nesli ylymly-bilimli, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly, Watana wepaly edip ýetişdirmek, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini we nusgalyk häsiýetlere eýe bolmagyny gazanmak üçin giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Şol sanda, çagalaryň dynç alyş möwsümlerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki lagerlere, dynç alyş merkezlere ugradylmagy eýýäm birnäçe ýyl bäri asylly däbe öwrüldi.
Awazada ýurdymyzyň welaýatlarynyň “Ahal”, “Balkan”, “Daşoguz”, “Lebap”, “Mary” hem-de Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklary milli merkeziniň “Daýanç”, Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň “Arzuw” atly ulylar we kiçiler üçin niýetlenen sagaldyş we dynç alyş merkezleri bolup, bu merkezleriň birbada 1150-den gowrak çagalary kabul etmäge mümkinçiligi bar. Bu merkezler tomus paslynyň gelmegi bilen ýagny, 01.06.2018-nji ýylda dynç almaga gelýän çagalaryň ilkinji tapgyryny kabul etdi. Dynç alýanlaryň arasynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden hat-da has çetki obalardan hem çagalaryň bolmagy bu ugurdan guramaçylyk işleriň ýokary derejede ýola goýlandygyna we güneşli Türkmenistanda ähli çagalar üçin deň şertleriň, mümkinçilikleriň döredilendigine hem-de ýurdumyzda her bir maşgalanyň çagasyny dynç alyşa ugratmaga mümkinçiliginiň bardygyna şaýatlyk edýär. Çagalar üçin ýeňillikli tölegiň alynýandygy we bahalaryň elýeterlidigi sebäpli sagaldyş we dynç alyş merkezlerde dynç almaga isleg bildiýänleriň sany artýar.
Agzalan merkezlerde bagtyýar çagalar üçin dynç almaga we wagtlaryny şadyýan, gyzykly geçirmäge ähli şertler döredilen. Ýagny 10 güniň dowamynda ýörite düzilen meýilnama esasynda çagalara aýdym aýtmak, çeper goşgy okamak, kagyza we ýeriň ýüzine surat çekmek ýaly bäsleşikler guralýar. Şonuň ýalyda meýilnamanyň çäginde dürli görnüşli howuzlara suwa düşmek we sport çärelere gatnaşmak dynç alşyň lezzetini has hem artdyrýar. Çagalara her günde bäş wagtyna iýmit berlip, ter gök önümler, et-süýt, konditer önümleri, dürli görnüşli miwe şireleri tagamnamanyň özenini düzýär. Dynç alyş merkezlerde çagalaryň saglygyna, olaryň howpsuzlygyna berilýän iýmitiň hiline jogapkärler bellenilip, üznüksiz gözegçilik edilýär. Çagalara Awazanyň çägindäki “Deňiz merjeni”, “Jadyly kenar”, “Älemgoşar” ýaly akwaparkly seýilgählere hem-de gämide açyk deňize guralýan gezelençler, olaryň göwnüni has hem göterýär. Ýurdymyzyň ýokary okuw jaýlaryndan bu döwürde dynç alýan çagalaryň ýanyna meýletinçi talyplaryň tejribe geçmek üçin berkidilmegi, olara geljekgi hünärini özleşdirmekde, özüni iş ýüzinde synap görmekde deňi-taýsyz mümkinçilik hem-de aýgytly basgançak bolup durýar.
Mundan başga-da dynç alyş merkezine ýurdymyzyň dürli künjeklerinden çagalaryň gelmegi we özara bäsleşmegi olaryň bir-birleri bilen ýakyndan tanyşmagyna, pikir alyşmagyna, dostlaşmagyna şert döredip, ýaş çagalaryň ruhy taýdan ösüşine, aň hem-de beden taýdan kämilleşmegine oňyn täsir edýär. Dynç alýan çagalaryň ýüzlerinde şatlyk duýgusy gün ýaly nur saçyp, olar hamana açylan ter güllere çalymdaş görünýär.
Awaza tomus paslynda ýaş çagalaryň jemi 6 tapgyryny kabul eder. Şu ýyl Awaza dynç almak üçin Özbegistandan çagalar toparynyň gelmäge isleg bildirmegi ýurdymyzyň hoşniýetli goňşyçylyk syýasatynyň miwesidir. Mundan başga-da, hazarýaka döwletlerden çagalar toparlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek “Awaza-dostluk mekanym” atly festiwal eýýäm birnäçe ýyl geçirilip, öňkülerden tapawutlykda bu ýyl festiwalda sport çärelere bäsleşiklere aýratyn ähmiýet berilip, festiwal ýurdymyzda şol döwürde geçiriljek iri göwrümli halkara sport çäreleri bilen utgaşar. Bu bolsa, ýurdymyzda sporta aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edip, festiwala gatnaşýanlarda özboluşly ýakymly täsirleri galdyrar.
Tomus möwsüminiň gelmegi bilen Awaza dynç almaga gelýän raýatlaryň sany günsaýyn artyp, ýyl geçdigiçe hyzmatlar hili we köpdürliligi bilen tapawutlanýar. Bahalaryň elýeterdigi, howa şertleriniň göwnejaýdygy sebäpli şu ýyl Awazanyň myhmanhanalarynyň geçen ýylkylardan has köp bolmagyna garaşylýar. Bize myhman bolmaga, dynç almaga howlugyň. Awaza size ýokary derejede hyzmat etmek üçin gujak açyp garaşýar. Men dynç alyş her bir myhmanda ýakymly täsirleri, gyzykly ýatlamalary galdyrar diýip umyt edýärin.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir