Dünýä ykdysady giňişligine birleşmegiň häzirki zaman ýagdaýy Türkmenistanyň karz-pul bazarynyň ösüşine uly itergi berdi we milli hasaplaşyk töleg işini amala aşyrmagyň usullaryna uly täsir etdi. Kart önümleriniň ornaşdyrylmagy bazar subýektleriniň pul akymynyň hereketini kämilleşdirmeklige ýardam edýän ýagdaýyň iň bir progressiw esasyny düzýär. Müşderilere edilýän bank hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Biziň bankymyz hem öz müşderlerine dürli görnüşli amatlyklardan peýdalanmak üçin ýokary goraglylygy bolan, häzirki zaman elektron hasaplaşyklary geçirmeklige ukyply “Altyn-Asyr” bank kartlary bilen baglanşykly hyzmatlaryň we mümkinçilikleriň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Ýagny raýatlar söwda merkezlerinde we beýleki dükanlarda satyn alnan harytlarynyň tölegini terminallaryň üsti bilen amala aşyrmaklyga mümkinçiligi bolýar. Raýatlar “Altyn-Asyr” bank kartlarynyň üsti bilen öz zähmet haklaryny, pensiýa we döwlet kömek pullaryny almaklyga, öz isleglerine görä bank kartlarynyň üsti bank geçirimlerini amala aşyrmaklyga, alnan kredit töleglerini, aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleri, öz kart hasaplaryndan beýleki bir raýatyň kart hasabyna pul serişdelerini geçirmeklige, bank kassalarynyň ýada bank geçirimleri arkaly kartlara öz serişdelerini salmaklyga, kart hasaby boýunça geçirilen işler barada jikme-jik maglumatlar, SMS arkaly habarlary almaklyga, islendik ýerde ýagny Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda bankomatlaryň üsti bilen nagt pul serişdeleri çykarmaklyga mümkinçilikleri bolar.
Bank kart hasabyndaky pul serişdelerine ýyllyk 5(bäş) % göterim derejsinde her aýda göterim hasaplanylýar ( hasapdaky goýumyň möçberine goşmak bilen). Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-y ähli raýatlara “Altyn-Asyr” bank kartlarynyň amatlyklaryndan peýdalanmaklyga çagyrýar.

Tehnologiýa, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir