Oraza sabyrly bolmaklygy öwredýär
Sabyr, tutulan maksatda netije gazanmaklygyń iń ähmiýetli şertlerinden biridir. Eýe bolan halal nygmatlaryńa dińe orazaly bolanlygy sebäpli el degirmeýän kişi, isleglerine häkim bolmaklygy, nebsini kynçylyklara öwrenişdirip terbiýelemekligi we ýene birnäçe endik we aýratynlyklary gazanýar. Şeýdip nebsini terbiýelemekligi özüne endik edinen ynsan bolsa, durmuşda öńüne çykjak bir süri kynçylyklara sabretmegi we bulary ýeńillik bilen ýeńip geçmegi başarar. Şeýle hem agyr we gynançly ýagdaýlarda özüni sabyr-takatly alyp barar we agyrbaşlylygy elden bermez.
Orazanyń jemgyýete berýän peýdalary
Orazanyń şahsa bolan bähbitleriniń ýanynda jemgyýete-de uly peýdalary bardyr. Oraza ynsanyń mähir we merhemet duýgularyny kämilleşdirip, ony jemgyýeti söýmeklige we ýardam bermeklige iterýär. Ynsan oraza tutan mahaly hakyky açlygyń nämeligini biler we jemgyýetde ýer alan pakyr-pukaranyń, ýetimiń-ýesiriń ýagdaýyna düşünip olara ýardam etme duýgusyna düşer. Dinimiz, bütin musulmanlary ýeketäk bir beden hökmünde kabul edip, olaryń birbirleriniń dertlerini gidermeklerini isläpdir. Hezreti Pygamberimiziń: “Gońşusy açka dok ýaşaýän kişi kämil bir mümin däldir” sözü-de bu hakykatyń açyk bir beýanydyr.
Orazanyń esasy peýdasy
Oraza tutmak bilen Allanyń emrini höwes bilen ýerine ýetiren müminleriń günäleriniń bagyşlanjagyny Hezreti Pygamberimiz şeýle beýan edýär: “Her kim ýürekden ynanyp we sogabyny umyt edip Remezan orazasyny tutsa, onuń geşmişde galan günäleri bagyşlanar.” (Buhârî, Sawm, 7). Sońsuz rehimdarlyga eýe bolan Alla Tagala, biziń ýerine ýetiren ýagşylykdyr-ybadatlarymyzyń herbirine garşylyk on esse sogap berjegini bildiripdir. Orazanyń sogaby bolsa bulardan hem köp boljakdyr. Pygamberimiz aleýhisselam bu ýagdaý barada şeýle diýipdir: “Adamoglunyń her bir amalynyń sogaby gat-gat edip beriler. Bir ýagşylyk on gatdan başlap, ýediýüz gata çenli sogaplandyrylar.” Sözleri Pygambere, manysy bolsa Alla Tagala degişli bolan beýleki bir hadysda bolsa Alla Tagala şeýle buýurýar: “Her ýagşy amala on esseden ýedi ýüz essä çenli sogap bardyr. Ýöne orazanyň sogaby bu ölçegden has ýokarydyr. Çünki, ol Meniň üçindir. Onuň sylagyny diňe Men bererin”. (Buhârî, Sawm, 7). Diýmek orazanyń iń esasy we ähmiýetli peýdasy, ahyret ýurdy bilen baglanşyklydyr.
Dinimiz, bir kişiniń oraza tutmagynyń parz bolmagy üçin özünde şu häsýetleriń jemlenen bolmagyny şert edipdir:
1. Musulman bolmak.
2. Akylly bolmak.
3. Dini taýdan kämillik ýaşyna ýeten bolmak.
Bu şetler özünde bolmaýänlara oraza tutmaklyk parz däldir. Ýöne heniz dini taýdan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary, bedenlerine zyýan bermejek görnüşde oraza tutmaklyga öwrenişdirmek dürsdir.
Hormatly adamlar edýän ähli tagat-ybadatlarymyz, dileg-dogalarymyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun.
turkmen-talyp 6 years ago- Dogry oraza adama guych beryar. Ach galmak, ukudan galmak, shahwet duygusyny gandyrmazlygy adama sabyry öwredyar. Sabyrly adam mydam ustunlige yetyar, adamlara peyda getiryar. Her ynsana gerek zat sabyr. Bisabyr nebsini isleyan zadyny edip gowshak bolyar. Beyik adamlaryn durmushyna seretsen ukudan azykdan galan adamlar.