2007-nji ýylyň Sanjar aýynyň 7-sine Belgorod oblastynyň Şebekin raýonynyň Çuraýewo obasynda uruş döwründe wepat bolan esgeriň jesetleri täze ýere göçürildi. Bu waka oba adamlary, raýonyň ýolbaşçylary, mekdep okuwçylary hem-de Belgorod oblasynda ýaşap ýören türkmenler gatnaşdylar. Uruşda wepat bolan esgerleriň guburlaryny geçen ýyl «Obelisk» taryhy gözleg toparynyň yzçalyjylary tapdylar. Esgerleriň geçen urşyň haýsy gününde, aýynda, ýylynda wepat bolandyklaryny takyk aýtmak aňsat däl. Ýöne şeýlede bolsa yzçylara jesetleriň biriniň goş haltasyndaky peşeňiň içinden şeýle ýazgyny tapmak başartdy. Ýazgyda «Men, A.E.Abdarahedow. Aşgabat şäheriniň Mämmedow köçesiniň 4-nji jaýy. 1918-nji ýylda doglan» diýen setirler bar. Geçirilen barlaglaryň we gözegçileriň netijesine görä türkmenistanly esgeriň taňka garşy atýan ýaragyň ikinji atyjysy bolandygy aýan edildi. Esgeriň jesediniň ýatan ýerinde onuň ýoldaşynyň hem jesedi bar eken. Şeýle hem jesetleriň gapdalyndan birnäçe gilza we ýaragyň şaýlary tapyldy. Esgerler snarýad okunyň düşmeginden wepat bolupdyrlar. Hat-da olaryň süňkleriniň käbiri oklar zerarly döwülipdir. Esger Abdarahedowyň jesedi beýleki tapylan jesetler bilen birlikde obany azat etmekde wepat bolan gerçekleriň hormatyna bina edilen ýadygärligiň ýanynda açylan doganlyk gonamçylygynda jaýlanyldy. SURATLARY GÖRMEK ÜÇIN ŞU ÝERE
Türkmenpress: Alyslarda başyn goýan gerçekler (suratlar)
-
Anu
9 years ago
- Garashsyzlyk bayramynyz gutly bolsun!
-
Anu
9 years ago
- Garashsyzlyk bayramynyz gutly bolsun!
Psiholog 17 years ago- hmm...
tasin waka..