1. Söwdanyň arasyna girmek gaty aýypdyr. Pygamberimiz (S.A.W) hadysynda buýurýar: «Bir kişi din doganynyň söwdasynyň arasyna girip söwda etmesin» (Müslim).
2. Harydyň aýbyny gizlemeli däl. Eger harydyň aýbyny gizläp söwda edilse, alan adam muny bilenden soň, söwdasyny yzyna gaýtarmaga haklydyr. Pygamberimiz (S.A.W): «Bir malyň aýbyny bilip, müşderiden gizläp satmak musulman kişi üçin haramdyr» (Buhary) diýipdir.
3. Bazar nyrhyny bilmeýänden harydyny bazara çykarmanka, öňünden aldap arzan almak bolmaýar. Bu aşa aladawçylykdyr (gabny fahyşdyr). Pygamberimiz (S.A.W): «Satyjy malyny bazara çykarmanka, öňünden çykyp söwdalaşmaň» diýipdir.
4. Müşderini gyzyşdyrmak (nejeş) niýeti bilen satyn almajak halyňa ýokary baha aýtmak bolmaýar. Pygamberimiz (S.A.W) bu barada şeýle buýurýar: «Müşderini gyzyşdyran – süýthorlyk edýän haýyndyr. Bu iş aldawçylykdyr we haramdyr» (Buhary).
5. Ybadat wagtynda söwda etmek dürs däldir. Kurany Kerimde juma namazynyň wagty edilýän söwda haram saýylypdyr. Şeýle hem beýleki ybadat wagtlarynda söwda gyzygyp, namazyň wagty geçirilse, şol söwda hem haram hasaplanýar.
6. Haram zatlaryň söwdasyny etmeli däl.
7. Haram gazanç edýänler bilen alyş-çalyş etmek dürs hasaplanmaýar. «Sebäpkär hem eden ýalydyr» kadasyna laýyklykda, haramyň ýaýramagyna sebäpkärdikleri üçin, haram gazanç edýänler bilen söwda etmek haramdyr.
8. Ekiniň ýetişmedik hasylyny satmak ýaly gümürtik söwdany hem etmeli däl. Pygamberimiz (S.A.W) miwesi bişýänçä hurmany, dänesi bişip hasyly orulýança gallany satmagy gadagan edipdir (Müslim, Ebu Dawud, Tirmizi).
9. Terezide, ölçegde aldamak musulmançylyga tersdir. Bu bereket çeşmesini kör eder. Pygamberimiz (S.A.W) ölçeg we terezi ulanýanlara ýüzlenip şeýle aýdypdyr: «Siz bizden öň gelip-geçen kowumlary heläk eden iki işi egniňizde göterýärsiňiz» (Tirmizi).
10. Söwdada ýalan sözleme we kasam etme. Pygamberimiz (S.A.W) bir hadysynda buýurýar: «Söwdada ýalan ýere kasam etmek, haryda höwesi artdyrar, ýöne, peýdany zaýalar» (Buhary, Müslim). Ebu Dawudyň rowaýatynda bolsa «berekedini gaçyrar» görnüşinde aýdylýar.
Görüljek peýda we onuň çägi. Yslam dini söwdada peýda üçin belli bir çäk goýmandyr. Baha – isleg we teklip kanunlary esasynda, erkin bazaryň göterişine görä, özara razylyk netijesinde döreýär. Ýöne zerurlykdan peýdalanyp bahanyň ýokary galmagynyň öňüni almak üçin hem çäre görlüpdir. Süýthorlygyň, ihtikäriň (azyk önümlerini satyn alyp, gymmatlaýança saklap soň satmak), ýalanyň, hiläniň gadagan edilmegi zerur bolan ýagdaýynda, käbir harytlara döwlet tarapyndan belli nyrh kesilmegi hem şu çärelerdendir.
Beýleki tarapdan söwdagäriň, peýdanyň çäklendirilmeýänligi sebäpli harydyny islendik bahadan satyp bolar diýip hasaplamagy dogry däldir. Harydynyň aýybyny gizlemek, harytda ýok aýratynlyklary bar edip görkezmek, düşýän gymmatyny ýokary görkezmek ýaly ýollardan peýdalanmak, müşderä täsir edip bazar bahasyndan ýokary nyrhdan satmak hem dürs däldir. Bu – gabny fahyşdyr.
Hormatly adamlar edýän ähli tagat-ybadatlarymyz, dileg-dogalarymyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun.