Şu ýylyň 18 — 21-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde «Nury Halmämmedowyň sazy — döwürleriň öçmejek mukamy» atly festiwal geçiriler. Bu festiwal görnükli türkmen kompozitorynyň 80 ýyllyk ýubileýine bagyşlanar.
Umuman, Nury Halmämmedowyň ýubileýi mynasybetli dabaralar halkara derejesinde geçirilýär. Ýakynda kompozitoryň bilim ojagy bolan Russiýanyň Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynda hem ýatlama konsertiniň geçirilendigini habar beripdik. Bu gezekki festiwal hem türkmen sazynyň dünýä belli ýyldyzyna goýulýan belent sarpanyň nobatdaky nyşany bolar.
31-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa türkmen döwletiniň Baştutanyna bu festiwal barada hasabat berdi.
Matilda 6 years ago- Tuweleme)) minnetdar. Shugun 1 kinsertine gitdik oza) konserwatoriyada boldy