Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bagtyýar nesilleri. Bular biziň ýaşaýşa dowamat berýän perzentlerimizdir. Ýaş nesiller gözlerimiziň guwanjy, başymyzyň täji-ata Watanymyzyň geljegidir. Türkmen halkynyň çaga bolan söýgüsi örän çuňdandyr, mähir-muhabbete ýugrulan, duýgy bilen eýlenendir. Ata-babalarymyz özleriniň geljeginiň häzirki ýaşlara, indi dünýä injek perzenlerine baglydygyna doly göz ýetirip, bu meseläni hemişe esasy orunlaryň birinde goýupdyr. Şol sebäpli nesil dowamaty baradaky mesele çaga heniz dünýä inmänkä başlanypdyr.
Ata-babalarymyzyň bu müdimi ýörelgesiniň manysy häzirki – bagtyýarlyk döwürde has çuňlaşdyrylýar, ösdürilýär. Adamzat özüniň şu gününi, eşretli geljegini ýaş nesil bilen baglanyşdyrýar. Hakykatdan-da, çagalar biziň bagtly ertirimizdir we başyny başlan işlerimizi dowam etdirijilerdir. Munuň özi örän uly jogapkärçilik hem belent borçdur. Şol sebäpli her bir ata-ene perzentleriniň ile-güne peýdaly, gowy adamçylyk sypatlaryny özünde jemleýän ynsanlar bolup ýetişmegini isläp, olara milli edep-terbiýe berýär.
Çagalary goramagyň halkara güni her ýylyň 1-nji iýunynda bütin dünýäde uly dabara bilen bellenilýär. Bu senäniň baýramçylyk hökmünde giňden bellenilip geçilmeginiň taryhy öz gözbaşyny 1949-njy ýylda Parižde zenanlaryň Halkara demografik federasiýasynyň kabul eden Kararyndan alyp gaýdýar. Şondan bäri her ýylyň 1-nji iýuny Çagalary goramagyň halkara güni diýlip ykrar edildi.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralarynda, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde, umumy orta bilim berýän mekdeplerde körpeje çagajyklarymyz we ýaş nesillerimiz bilim-terbiýe alýarlar. Orta mekdeplerde okuwyň 12 ýyllyga geçilmegi hemmetaraplaýyn ösen, watansöýüji ýaşlary kemala getirmek maksadyna gönükdirilendir. Şeýle bagtyýar zamanada ýaşap, bilim alýan ýaşlarymyz her pursatda özleri hakynda edilýän uly aladalara guwanýarlar we hemişe gowy okamaga çalyşýarlar.
Türkmenistan bu gün sözüň doly manysynda bagtly çagalygyň ýurduna öwrüldi. Döwletimizde bilimli, ylymly, medeniýetli kämil şahsyýet kemala getirilýär, körpe nesil turuwbaşdan alada bilen gurşalyp alynýar. Eneleri we çagalary goramagyň meseleleri oňyn çözüwi talap edýän esasy wezipeleriň birine öwrüldi.
Türkmenistan dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde bu babatda öz üstüne uly borçlary alýar. Esaay Kanunymyzda ulular bilen birlikde çagalaryň hem jemgyýetimiziň doly hukukly agzalary bolup ýetişmeklerini üpjün etmegiň kanunçylyk esaslary döredildi. Kanunymyzyň biýadynda bu mesele bilen baglanyşykly kanunçylyk hukuk resminamalary işlenilip düzüldi. Olar çagalygy we eneligi goramaga gönükdirilendir.
Şu maksat bilen ýurdumyzyň gözel paýtagtynda we welaýat merkezlerinde “Ene mähri” merkezi işleýär. Olar dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilendir. Çagalar hakyndaky edilýän alada ýaşajyk türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga, olaryň döwrebap bilim almaklaryna, durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Köp çagany dünýä inderen enelere perzentlerini ösdürip, kemala getirmekde çekýän zähmetine uly hormat goýup, ýurdumyzda “Ene mähri” diýen hormatly ady bermek indi däbe öwrüldi. Şonuň ýaly hem “Zenan kalby” ordeni döredildi. Ondan gelip çykýan ýeňilliklerden peýdalanmaga enelerimiziň doly mümkinçilikleri bardyr.
Hormatly Prezidentimiziň ägirt uly aladalary netijesinde 2014-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda mümkinçiligi çäkli bolan çagalaryň iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen Saglygy dikeldiş okuw- terbiýeçilik toplumlary açylyp ulanylmaga berildi.
BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) geçiren mejlisinde Türkmenistan 2018-2020-nji ýyllar üçin BMG-nyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji Geňeşine saýlandy. Bagtly çagalygyň mekanyna öwrülen Türkmenistan döwletimiziň bu abraýly guramanyň Geňeşine saýlanmagy bu gün Watanymyzda ýaş nesil baradaky ýörediýän syýasatyň dünýä derejesinde uly goldaw tapýandygyny aňladýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň abadan durmuşda ýaşamagy we hemmetaraplaýyn ösmegi baradaky işler barha güýyçlendirilýär. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň täze binasy, “Buzly köşk” we “Suw sport toplumy”, sebitde iň iri şüweleňli merkezleriň biri bolan “Ertekiler dünýäsi”, “Älem”dynç alyş merkezi, Gökdere jülgesinde, Hazaryň kenarynda şeýle-de welaýat merkezlerinde çagalar üçin gurlan dynç alyş we sagaldyş merkezleri bagtly çagalyk barada edilýän aladalaryň netijesidir. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky dynç alyş we sagaldyş merkezleri halkara derejesinde çagalaryň döredijilik festiwallarynyň mekanyna öwrüldi. Munuň özi dünýä halklarynyň çagalarynyň türkmen ýaşlary bilen dostlaşmagyna uly mümkinçilikler döredýär. Şonuň ýaly hem çagajyklaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”, “Iň eýjejik gyzjagaz”, “Merdana nesil”, “Gorkut owazlary” ýaly döredijilik bäsleşikleri ýokary derejede many-mazmun bilen baýlaşyp, ýaş nesliň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga itergi berýär.
Çagalar baldan süýji balalardyr, olar durmuşyň gül-gunçalarydyr. Çaga baradaky aladalar geljegimiz baradaky aladalardyr. Geljegimiz bolsa, şu günden başlanýar. Röwşen geljege nurana ýollar bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda çagalaryň bagtyýarlykda ýaşamagy üçin hemişe alada edilýär. Ýurduň islendik künjegine barsaň çagalaryň şat gülki sesleri, aýdym-sazlary ýaňlanyp dur.

Täzelikler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir