Türkmen halkynyň gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýan, baý edebi milli mirasy bar. Ata-babalarymyz milletiň edep kadalaryny, terbiýe ýörelgelerini işläp düzüp, olary parasatly, ganatly sözlere, nakyllara we atalar sözlerine, şygyr setirlerine siňdiripdirler. Olar tutuşlygyna diýen ýaly edep-terbiýä ýugrulan. “Çaga eziz, edebi ondan hem eziz” diýlişi ýaly, atalarymyz edebi, terbiýäni öz çagasyndan hem ýokarda, eziz edip goýupdyrlar. Bu barada beýik söz ussady Magtymguly Pyragy:
Aryf bolsaň aslyn sorma ýigidiň,
Edebinde, ekramynda bellidir – diýip, ynsanyň edebiniň onuň adamkärçiligini, dünýägaraýşyny, sowatlylygyny açyp görkezýändigini nygtap, terbiýäniň ähli zatdan gymmatlydygyny aýdýar.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde “terbiýe” sözi - durmuşda, yaşaýyşda ýüze çykýan gylyk-häsiýet endiği, edep” diýmegi aňladýar. Terbiýäniň mazmuny has giň we çuň manyda “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynda: “Terbiýe diýlip, adamyň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine milli we umumadamzat ruhy-ahlak, medeni we durmuş gymmatlyklary hem-de özüňi alyp barmagyň türkmen jemgyýetinde kabul edilen düzgünleri we kadalary esasynda şahsyýetiň ösmegine we kämilleşmegine gönükdirilen işe düşünilýär” diýlip beýan edilýär. Ýokarda getirilen “Bilim hakyndaky” kanundan görnüşi ýaly, terbiýe örän köp taraply we çylşyrymly düşünje bolup, onda esasan ýaş nesilleri umumadamzat gymmmatlyklaryna daýanýan, ata-babalarymyzyň asylly däpleriniň, milli edep ýörelgeleriniň esasynda terbiýeläp ýetişdirmek zerurlygyny öňe sürýär. Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek dogrusynda Hormatly Prezidentimiziň “Älem içre at gezer” atly romanynda “Öz taryhynyň, mertebesiniň, sarpasynyň, namysynyň, geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň hakyky eýeleri boljak nesilleri kemala getirmek” diýýär. Bu şygara öwrülen ganatly sözler bilim-terbiýeçilik işi bilen meşgullanýan terbiýeçilere, mugallymlara, her bir ene-ata baş ýörelge bolup hyzmat edýär. Diýmek, Mähriban Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bilimli, ylymly, edepli-ekramly, watansöýüji, ilhalar nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde iň möhümi milli duýguly, has dogrusy, öz milletine - “türkmenligine” buýsanýan, ençeme asyrlap mukaddes Garaşsyzlyk üçin janyny orta goýan, ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz döwletiniň ösüşine mynasyp goşant goşmaklygy maksat edinýän nesilleri kemala getirmek bolup durýar.
Mugallym – aýratyn adam. Ol bilim baýlygyny adamlara bagyşlamalydyr. Onsoňam bilim şeýle baýlykdyr, ony ile näçe köp berseň, ol şonça-da artar gider oturar. Halka hemişe hemme zatdan – azykdanam, suwdanam beter aň-bilim gerek. Bilimsiz hiç bir iş başa barmaz, tümlügine galar.
Bagban özüniň ösdürip ýetişdiren bagyna, seýis özüniň bakyp bejeren bedewine, gurluşykçy öz guran gözel binalaryna guwanyp biler. A sen bolsa adam bilen iş salyşýarsyň, ony gowy ynsan edip ýetişdirýärsiň. Olaryň ýüreklerinde şinelän tohum ekýärsiň. Sen olaryň üsti bilen baky ýaşaýarsyň! Islendik bir akylly-başly adam, onda-da mugallym “Meniň mugallymym meniň öz halkymdyr” diýip aýtmagy başarmalydyr.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren atalyk kitaplaryndaky wesýetlerde göbek ganyň daman topragyňy, eziz Watanyňy, öz milletiňi söýmek duýgusy, şol topragyň, milletiň öňe çykaran gymmatlyklaryna, mukaddesliklerine, milli ýörelgelerine çuňňur hormat goýmakdan, bu mukaddeslikleri başyňa täç etmeklikden başlanýandygy öwüt berilýär. Hut, şu nukdaýnazardan Mähriban Prezidentimiz halkymyza, ähli ýaşuly - ýaş kiçi nesillere, dünýä jemgyýetçiligine görelde bolup, Watansöýüjiligiň, Belent ynsanperwerligiň nusgasy bolup orta çykýar. Hormatly Prezidentimiz öz milletini söýýär, halkymyz üçin maddy-ruhy ähli mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyz özüniň ajaýyp “Türkmenistan” kitabynda “Il-halkyň bagtyýar durmuşy biziň üçin köňlüň ummasyz uly şatlygydyr” diýip öwüt berýär. Döwlet ýolbaşçylygyna ählihalk tarapyndan saýlanan gününden “Meniň ähli aladam meniň halkym bolar” şygary bilen il-günüň gyzgyn söýgüsini gazandy. Alym Prezidentimiz “Türkmenistan” kitabynda “Dünýäde ynsanlaryň bagtly ýaşaýşy hakdaky aladalardan uly maksat ýokdur. Eger bu döwletli işe sähelçe goşant goşmaga ýetişen bolsaň, seniň özüň hem bagtly ynsansyň” diýip, asman-zemin arasynda adamlara, il-günüňe hyzmat etmekden, olary bagtly etmekden uly işiň ýokdugyny pelsepewi pikiri bilen beýan edýär.
Buýsançly taryhymyzyň ähli döwürlerinde ata-babalarymyz watansöýüji, bilimli, edepli, ýokary adamkärçilikli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi özleriniň mukaddes borjy hasaplapdyrlar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Milli mirasymyzyň Hak hossary – Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda ýurdumyzda we dünýäde amala aşyran beýik özgertmeleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Millilige esaslanýan ösüşleriň ýoly hemişe dowamat-dowam bolsun!
Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek dogrusynda Hormatly Prezidentimiziň “Älem içre at gezer” atly romanynda “Öz taryhynyň, mertebesiniň, sarpasynyň, namysynyň, geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň hakyky eýeleri boljak nesilleri kemala getirmek” diýýär. Bu şygara öwrülen ganatly sözler bilim-terbiýeçilik işi bilen meşgullanýan terbiýeçilere, mugallymlara, her bir ene-ata baş ýörelge bolup hyzmat edýär. Diýmek, Mähriban Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bilimli, ylymly, edepli-ekramly, watansöýüji, ilhalar nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde iň möhümi milli duýguly, has dogrusy, öz milletine - “türkmenligine” buýsanýan, ençeme asyrlap mukaddes Garaşsyzlyk üçin janyny orta goýan, ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz döwletiniň ösüşine mynasyp goşant goşmaklygy maksat edinýän nesilleri kemala getirmek bolup durýar.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir