18-nji maýda Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda bu ýerde terbiýelenýän çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hurmadan taýýarlanan nygmatlary sowgat aldylar.
Çärä gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, hut döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli ýöredýän durmuş ugurly syýasaty Türkmenistanyň bütin dünýäde abadançylygyň we ruhubelentligiň, bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmündäki meşhurlygyny şertlendirdi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede, ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň geriminiň yzygiderli giňeldilmegi, iň döwrebap enjamlar, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen hem-de internet ulgamyna birikdirilen mekdep ýaşyna çenli döwrebap edaralaryň, mekdepleriň, şeýle hem çagalar we ýetginjekler üçin estetiki hem-de çeperçilik merkezleriniň köpçülikleýin gurulmagy, körpeleriň boş wagtlaryny netijeli we täsirli geçirmegi üçin niýetlenen düzümiň ösdürilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Döwletliler köşgünde terbiýelenilýänler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp sowgatlary, ösüp gelýän nesil baradaky ägirt uly aladasy hem-de ýurdumyzyň ähli çagalarynyň atalyk aladasy bilen gurşalyp alnandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Dabara köşgüň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti bilen dowam etdi.
Çeşme: turkmenportal.com