18-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda ýörite taýýarlanan ýerde mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, sadaka gatnaşyjylary we ähli mähriban halkymyzy bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlady. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly atamyzyň belläp geçişi ýaly, bütin adamzadyň jebisliginiň we agzybirliginiň rowaçlanýan aýy bolan Remezan aýynyň başlanmagy mynasybetli bilelikde agzaçar sadakasyna gatnaşylmagynyň, aýratyn-da, munuň şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän goşa baýram - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gabat gelýändiginiň aýratyn manysynyň bardygyny nygtady.

Milli Liderimiz: “Goý, okalan aýat-dogalar we berlen sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip aýtdy we tebärek çykyp bermegini haýyş edip, Türkmenistanyň müftüsine ýüzlendi.

Müfti tebärek çykyp, türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň bolmagyny, halkymyzyň agzybirligini, milli Liderimize berk jan saglygyny we üstünlikli işlemegini, çuňňur hormatlanylýan hajy Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün berýän sadakasyny kabul etmegini Beýik Biribardan dileg edip, aýat-doga okaýar.

Soňra agzaçar sadakasyna gatnaşýanlara nahar çekildi. Mübärek Oraza aýynda hormatly Prezidentimiziň beren agzaçar sadakasynda milli tagamlarymyzyň dürli görnüşleri äberildi.

Duz-tagam dadylandan soň, hormatly Prezidentimiz aýat-töwir okap bermegini haýyş edip, Türkmenistanyň müftüsine ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz aýat-töwirlerden we sadakadan öň we soň çärä gatnaşyjylara: “Şu günki berlen sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.


Çeşme: turkmenportal.com

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir