Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmarkyň 80 ýaşynyň dolmagy we “Mukam” skripkaçylar toparynyň döredilmeginiň 40 ýyllygy mynasybetli konsert boldy.

Konsertden öň bolan söhbetdeşligimizde Garold Isaakowiç 60 ýyl mundan ozal 20 ýaşly gür buýra saçly ýigit wagty Odessanyň ýörüte orta sazçylyk mekdebini tamamlap, eli skripkaly we uly işleri niýetläp Aşgabada gelen döwrüni ýatlady, bu şäher onuň ikinji watanyna, soňra “Mukam” skripkaçylar topary onuň ikinji maşgalasyna öwrüldi.

-Şu geçen ýyllarda eden işlerimiň maksady türkmen çagalarynyň saza zehinlidigini we milli eserlerden tä nusgawy hem-de häzirkizaman eserlerine çenli dürli sazlary çalyp bilýändigini görkezmekdi. Topar döredilmezden kän öň Respublikan sazçylyk mekdebiniň okuwçylary bilen dikuçarly serhetçileriňkä barýardyk, esgerler ýatakhanalarynda iň gowy nusgawy eserleri diňleýärdiler. Şu işimize minnetdarlyk hökmünde maňa “II derejeli hormatly serhetçi” ady daklypdy.

“Günorta çaý wagty” çäresinde biz çagalar bilen Aşgabadyň zähmetkeşler toparlarynyň öňünde çykyş edýärdik. Şeýdip men olara okuwy çykyşlar bilen utgaşdyrmagy öwretdim.

Skripkaçylar topary döredilenden soň ýurtda bolýan şanly çäreleriň ählisine gatnaşdyk. Häzir toparymyzda 50 adam bolup, olaryň arasynda toparyň çalýan sazlaryny ýaňy öwrenýän 6-8-nji synp okuwçylary-da, bu saz guralyna ussat uly synp okuwçylary-da bar. Öz aramyzda degşip, olara “garrylar” we “çagalar” toparlary diýýäris. Olardan Altyn Asyr bäsleşiginiň baýragynyň eýesi Gözel Seýitnyýazowanyň okuwçysy üýtgeşik zehinli Elina Gurbanowa has-da tapawutlanýar. Geçen ýyl Elina Moskwa Kremliniň Georgiý zalynda Aman Agajykowyň “Guşjagaz” eserini ýerine ýetiripdi. Kiçijik sazandanyň ussatlygy diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.

Ýubileý konserti üçin biz ýaş skripkaçylaryň çäksiz mümkinçiligini görkezýän we meniň: türkmen çagalary islendik eseri çalyp bilýärler! –diýip aýdan pikirimi subut edýän eserlerini saýlap aldyk.

Konsert zehinli kompozitor Meret Annamyradowyň eserleri bilen başlandy. Olaryň arasynda “Tans” eseri, “Gülle, meniň Watanym” türkmen milli sazynyň parafrazy we seýrek çalynýan skripkaçylar topary, dutar we goboý üçin “Halmämmedowa bagyşlanyp” atly eseri bar. Sesleriň şeýle üýtgeşik utgaşdyrylmagy- sazçylykda seýrek duşýan ýagdaý. Ýöne owaz sazlaşygyny inçeden duýýan Meret Annamyradowyň döreden bu eseri üýtgeşikden şirin ýaňlanýar.

“Mukam” toparynyň ýerine ýetiren meşhur milli sazlaryny aýdymçy Liliýa Akdirowa öz aýdymlary bilen bezedi. Soňra konsert ýewropa saz medeniýetiniň nepis eserleri bilen dowam etdi. Tanymal toparyň ussat skripkaçylary Nikola Paganininiň iň täsirlkil eserleriniň biri bolan ”Baky hereket” sazyny ýerine ýetirende, tomaşaçylar oňa şowhunly el çarpmalar bilen ýokary baha berdiler.

Wofgang Amadeý Mosartyň fortepiano we skripkaçylar üçin lýa mažor Konserti ýerine ýetirilende Prezident baýragynyň eýesi Maýýa Maksudowa fortepianoida saz çaldy. Toparyň bu eseri skripkalar üçin aranžirlemede ilkinji gezek ýerine ýetirendigini bellemek gerek, ozal ol diňe orkestriň sazandarlygynda çalynýardy. Ýene-de tomaşaçylar sazandalary şowhunly el çarpmalar bilen alkyşladylar.

Aleksandr Krasotowyň “Bitlz hakda ýatlama” we “Amerikan jazynyň ýatdan çykarylan sahypalary” eserleri, Isaak Dunaýewskiniň “Kapitan Grantyň çagalary” filmine tolkunlaryň şaggylydysy, deňiz tolkunynyň sesi gelip duran, syrlardyr başdan geçirmelerden söhbet açýan uwertýurasy, Rejep Rejebowyň “Kerwen” atly özboluşly eseri diňleýjileri tolgundyryjy saz açyşlary älemine atardy.

Uilýams Jonsonyň “Şindleriň sanawy” filmine ýazan sazy ilkiji notasyndan ahyrkysyna çenli diňleýjleri özüne bendi etdi. Elbetde, Murat Koşlaýewiň “Skripkalaryň uçuşy” atly üýtgeşik eserini toparyň aňryçäk depginde ýerine ýetirendiginem bellemek gerek.

Konserti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň watanperwer “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watan Türkmenistan!” eseri jemledi.

Görnükli sazanda we halypa Garold Neýmarkyň hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ony «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglady. Ýubilýara sylagy döwlet baştutanynyň adyndan medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer Bahargül Abdyýewa gowşurdy.

Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN

Çeşme: talyplar.com

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir